Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy.
Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batoryň «Buýant-Uhaa» Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Mongoliýanyň Döwlet köşgüne bardy. Köşgüň öňündäki Suhe-Bator meýdanynda Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mähirli garşylady.
Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda çäkli düzümde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Dostlukly ýurduň Baştutany belent mertebeli myhmany mongol topragynda mähirli mübärekläp, Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, mongol kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh hem mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.
Ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda, uzak möhletli geljegi hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy. Şeýle hem Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini aýtdylar.
Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi. Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň wekiliýet agzalaryny ýene bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, Mongoliýanyň Türkmenistan bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem ähli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Soňra döwlet Baştutanymyza söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň giň toplumynyň girizilendigini hem-de resminamalaryň uly toplumyna gol çekiljekdigini aýtdy. Türkmenistanyň Mongoliýa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi we ep-esli giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklap, häzirki döwürde bu ugurda hyzmatdaşlyga güýçli depgin we köpugurly häsiýet bermek üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, şu ýyl Türkmenistan üçin aýratyn ýyldyr. Şu ýyl ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýär. Şeýle hem 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu wakalaryň şanyna şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara forum geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhy bu dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Soňra Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda: Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça topary döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy.
Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz mähirli kabul edilendigi üçin Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň biziň döwletlerimiziň arasynda, şol sanda kanun çykaryjy edaralaryň çäklerinde özara düşünişmegi ösdürmäge hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda ýola goýlan syýasy diplomatik gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak hem-de ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň işini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huraly bilen parlamentara dostluk toparynyň döredilendigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Mongoliýanyň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň ýolbaşçysy türkmen we mongol halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýän bu ugurdaky özara hyzmatdaşlygy goldamaga we ösdürmäge iki ýurduň hem taýýardygyny tassykladylar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikler, duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...