Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Malaýziýa resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary malaýziýaly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri hem geçirdiler.
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň bu resmi sapary Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýän Malaýziýa guran ilkinji saparydyr. Munuň özi Türkmenistanyň Malaýziýa bilen iki taraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, onuň gerimini giňeltmäge uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Däp bolşy ýaly, belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy Kuala-Lumpurdan 20 kilometr uzaklykdaky ýerleşýän Malaýziýanyň häzirki zaman dolandyryş merkezi hasaplanýan Putrajaýa şäherinde geçirildi. Dostlukly ýurduň Hökümet binasynyň öňündäki Perdana meýdançasynda guralan resmi garşylamak dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime iberen salamyny ýetirdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan we öz adyndan Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Sultan Ibrahime salamyny hem-de çuňňur hormatyny beýan etdi. Iki halka mahsus açyklyk, birek-birege düşünişmek, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýlary we geljegi nazara almak bilen, onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Premýer-ministr nebitgaz pudagyndaky özara gatnaşyklaryň meselelerine ünsi çekip, Türkmenistanda «PETRONAS» döwlet nebitgaz kompaniýasynyň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi we munuň üçin kompaniýanyň hem-de öz wekilçilik edýän ýurdunyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Premýer-ministr sözüni dowam edip, medeni-ynsanperwer ulgam Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmenistanyň şöhratly taryhy we baý medeniýeti bar. Şu ýyl ýurtda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenildi diýip belledi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda: Malaýziýa sapar bilen gelmäge çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, ýurdumyz bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini, şu ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň toplanandygyny we ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň döredilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin ugurlary kesgitlemegi teklip edip, biz iri halkara guramalaryň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris hem-de birek-birege goldaw berýäris. Malaýziýanyň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ugruna hormat bilen garaýandygyna ýokary baha berýäris diýip belledi we Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, Malaýziýanyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldamagy dowam etdirjekdigini tassyklady.
Premýer-ministr Anwar Ibrahim çuň manyly çykyşy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Premýer-ministr Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ünsi çekip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesiniň Malaýziýa üçin hem wajypdygyny belledi.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Şeýle-de, iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «PETRONAS» binasyna bardy hem-de bu ýerde Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Soňra döwlet Baştutanymyz «PETRONAS» binasynyň «Skybridge» syn ediş köprüsine bardy. Bu ýerde kompaniýanyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi binanyň taryhy hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Bu meşhur bina 88 gatdan ybarat bolup, beýikligi 451,9 metre deňdir.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleri iki ýurduň hem deňhukukly, özara bähbitli, uzak möhletleýin döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda öza...
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýal...
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Malaýziýa resmi sapa...
2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Bilşimiz ýaly, Türkmen halkynyň Mil...
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-p...
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Wengriýa iş saparyny amala aşy...
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde ykrar edilýän ynsanperwer, pähim-parasatly syýasaty esasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli käm...