CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

14 Jan

Belent maksatly uly tutumlara badalga

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Tä­ze ­ýy­lyň ­öňü­sy­ra­syn­da ­ge­çi­rilen Mi­nistr­ler­ Ka­bi­ne­ti­niň­ we ­Döw­let­ howpsuz­lyk­ ge­ňe­şi­niň­ gi­ňiş­le­ýin­  mej­li­sin­de­  2025-­nji­ ýy­ly­ «Hal­ka­ra ­pa­ra­hat­çy­lyk ­we ­yna­nyş­mak­ ýy­ly» ­di­ýip ­at­lan­dyr­mak ­ba­ra­da­ky­ tekli­bi­ ma­kul­lap, bu ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şu­nuň­ bi­len­ bag­ly­lyk­da, ­döw­let­ Baş­tu­ta­ny­myz guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini nygtap, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

 Go­laý­da bolsa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­sin­de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Per­ma­nyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna bu topara ýolbaşçylyk etmeklik tabşyryldy.

Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, döwletli tutumlar, ýetilýän belent sepgitler halkymyzy täze üstünliklere, röwşen geljege ruhlandyrýar.

Ýaňy-ýakynda türk­men ­hal­ky­nyň­ Mil­li­ Li­de­ri, ­Türkme­nis­ta­nyň­ Halk ­Mas­la­ha­ty­nyň­ Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz Mejli­siň­ Baş­ly­gy­nyň ­hem-­de ­Mi­nistr­ler ­Ka­bi­ne­ti­niň ­ag­za­la­ry­nyň ­gat­naş­ma­gyn­da geçiren Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Halk­ Mas­la­ha­ty ta­ra­pyn­dan­ ýol­baş­çy­lyk­ edil­ýän guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini ­ge­çir­di.

Şol mejlisiň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak, geçiriljek çärelere zerur bolan ýardamy bermek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny  üpjün etmek degişli ýolbaşçylara tabşyryldy.

Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde şanly ýylda geçiriljek çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň, myhmansöýerliginiň, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändiginiň we ynamly öňe barýandygynyň bütin dünýä aýdyň görkezilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.

Dogrusy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine bolsa 80 ýylyň dolýandygy bu ýylyň, hakykatdan-da, öz adyna mynasyp boljakdygyna, şanly wakalara beslenjekdigine  ynamymyzy  artdyrýar.

Umuman aýdanymyzda, bu şanly ýylyň hem halkymyz üçin örän uly taryhy wakalaryň, ajaýyp üstünlikleriň, rowaçlyklaryň ýyly boljakdygyny, döwletli tutumlara ýetiljekdigini ynamly nygtamak bolar. 

30 Jan
Preparation for the elections: training seminars were held

As part of the preparatory work for the elections of members of the halk maslahaty of the newly formed etraps in Turkmenistan, as well as early drop out of deputies of the Mejlis of Turkmenistan, memb...

28 Jan
The nomination process for candidates has begun

At a recent meeting of the Central Commission for holding elections and referendums in Turkmenistan was announced that the election campaign for the election of members of the halk maslahaty of the ne...

26 Jan
On guard of peace and tranquility

The President of Turkmenistan, Supreme Commander-in-Chief of the Armed Forces of Turkmenistan, General of the Army Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the Lebap Velayat on January 24, 2026....

22 Jan
The election campaign continues in an organized manner

In accordance with action plan for the preparation and organized hold of elections of members of the halk maslahaty of the newly formed etraps of Turkmenistan, as well as early drop out of deputies of...

22 Jan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Jan
A meeting of the Central Election Commission was held

In accordance with the resolution of the Mejlis of Turkmenistan dated January 7, 2026, elections of members of the halk maslahaty of the newly formed etraps in Turkmenistan – the Altyn Asyr etrap of t...

08 Jan
Elections for members of the Halk Maslahaty, as well as elections to replace the early drop out of deputies of the Mejlis of Turkmenistan, members of the Halk Maslahaty and Gengeshes will be held in the newly formed etraps of the country

In accordance with articles 4, 85 and 87 of the Electoral Code of Turkmenistan, the resolution of the Mejlis of Turkmenistan dated January 7, 2026 determined: To hold elections of members of the Ha...

06 Jan
A new Law has entered into force

On June 28, 2025, the Law of Turkmenistan «On the Unified State Register of Voters» was adopted. The law entered into force on January 1, 2026. Thus, this law, which entered into force on January 1...