Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak baradaky teklibi makullap, bu ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiljekdigini, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini nygtap, bu topara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçylyk etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Golaýda bolsa, hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna bu topara ýolbaşçylyk etmeklik tabşyryldy.
Elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, döwletli tutumlar, ýetilýän belent sepgitler halkymyzy täze üstünliklere, röwşen geljege ruhlandyrýar.
Ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçiren Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Halk Maslahaty tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi.
Şol mejlisiň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak, geçiriljek çärelere zerur bolan ýardamy bermek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek degişli ýolbaşçylara tabşyryldy.
Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde şanly ýylda geçiriljek çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň, myhmansöýerliginiň, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändiginiň we ynamly öňe barýandygynyň bütin dünýä aýdyň görkezilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.
Dogrusy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine bolsa 80 ýylyň dolýandygy bu ýylyň, hakykatdan-da, öz adyna mynasyp boljakdygyna, şanly wakalara beslenjekdigine ynamymyzy artdyrýar.
Umuman aýdanymyzda, bu şanly ýylyň hem halkymyz üçin örän uly taryhy wakalaryň, ajaýyp üstünlikleriň, rowaçlyklaryň ýyly boljakdygyny, döwletli tutumlara ýetiljekdigini ynamly nygtamak bolar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...