TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

28 Mart

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri önümçilik tejribesini geçdiler

Saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmagy maksat edinip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak» ugry boýunça diňleýjileri şu ýylyň 28-nji martynda Merkezi saýlaw toparynda önümçilik tejribesini geçdiler.

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilerine şu günler ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň ýene birine –«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany!» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde degişli saýlaw okruglarynda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça Merkezi saýlaw topary we ýerlerdäki saýlaw toparlary tarapyndan alnyp barylýan işler, saýlaw toparlarynyň wezipeleri, düzümi,  saýlaw ulgamy, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar, halkara tejribeleri, saýlaw kanunçylygyna girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler barada Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan giňişleýin düşünje berildi.   

Hormatly Prezidentimiziň dürli kärde zähmet çekýän  gullukçylaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge döredip beren mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden  hünärlerini ýokarlandyrmak ugry boýunça gelen diňleýjileriň arasynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda dürli wezipelerde zähmet çekýän adamlaryň bardygyny bellemek ýerliklidir. Önümçilik tejribesiniň dowamynda diňleýjiler saýlaw ulgamy, saýlaw kanunçylygy barada özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogaplary aldylar. Şunuň ýaly önümçilik tejribesiniň öň hem Merkezi saýlaw toparynda ençeme gezek geçirilendigini-de nygtamak bolar.

Önümçilik tejribesine gatnaşyjylar okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredip beren şertleri üçin Arkadag Prezidentimize öz hoşallyklaryny bildirdiler.

26 Dek
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýal...

20 Dek
Türkmen —Malaýziýa gatnaşyklarynda täze sahypa

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Malaýziýa resmi sapa...

11 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 9-10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň...

09 Dek
Şöhratly geçmişiň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Bilşimiz ýaly, Türkmen halkynyň Mil...

05 Dek
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda paýtagtymyza iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-p...

03 Dek
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýy­lyň 29-njy noýabrynda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Weng­riýa iş saparyny amala aşy...

19 Noý
Merkezi saýlaw topary täzeden döredildi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde ykrar edilýän ynsanperwer, pähim-parasatly syýasaty esasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli käm...

11 Noý
Watanymyz — bagy-bossan

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Güneşl...