TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

23 Awg

Paýhas kerweniniň dowamaty – beýik şahyryň sarpasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhas eleginden süzüp ýazýan çuňňur many-mazmuna eýe bolan kitaplarydyr goşgularynyň sany ýylsaýyn artýar, türkmen dünýäsini açyp görkezýän, millilik ruhuna eýlenen bu genji-hazyna deýin eserler paýhas kerweni ýaly hatar gurap, dogry ýol görkeziji bolup, şamçyrag deýin bizi ýagty geljege alyp barýar.

Ynha, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp täze goşgusy hem paýhas kerweniniň dowamaty bolup, hemmeleriň kalbynyň töründe orun tutdy. Şol gymmatly eseriň dörän gününden bäri, halkymyzy buýsanja beslän bu şatlykly waka mynasybetli dürli dabaraly çäreler guraldy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly dabaraly maslahat hem geçirildi.

Şeýlelikde, Milli Liderimiziň Beýik şahyrymyza bagyşlap ýazan goşgusy ýurdumyzda uly seslenmä mynasyp boldy.

Magtymguly Pyragynyň Garaşsyz döwlet, erkinlik hakyndaky arzuw-islegleriniň häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerinde we başlangyçlarynda hasyl bolýandygyny hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynda mynasyp dowam etdirilýändigini uly buýsanç bilen bellemek gerek.

Berkarar döwletimizde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şatlykly wakalara, dabaralara beslenýär, munuň şeýledigini 17-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda gurulýan Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyna baryp, şol ýerde täze goşgusyny okap berip, halkymyza sowgat etmegi hem äşgär edýär.

Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň nusgawy edebiýatymyzyň görnükli söz ussady we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň miras goýan, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan umman ýaly edebi mirasyna uly sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu täze goşgy many çuňlugyna eýe bolmak bilen, onuň bentlerinde beýan edilýän mazmunyň yzygiderliligi, setirleriniň bogun we kapyýa sazlaşygy doly berjaý edilýär, Gahryman Arkadagymyzyň ozalky ajaýyp şygyrlary ýaly, ol akgynly we joşgunly okalýar.

Şeýlekin şatlykly, taryhy pursatlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly kämil, ajaýyp eseri döredip, halkymyza sowgat edendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris, döredijiliginde mundan beýläk-de täze üstünlikler we ylham  arzuw edýäris.

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...