TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

28 Few

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2024-nji ýylyň 25-nji fewralynda geçirilen Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň wekilçilikli palatasynyň deputatlarynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň, şeýle-de Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyz Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, GDA-nyň Parlamentara Gatnaşyklary Assambleýasynyň, Russiýa we Belarus Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerinden ybarat bolan 50 adam saýlawlara gatnaşdy.

Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Belarus Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.

Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek işlerini Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary, welaýatlaryň (oblastlaryň) we Minsk şäheriniň ýerli saýlaw toparlary, okrug saýlaw toparlarynyň 110-sy we uçastok saýlaw toparlarynyň 5411-si amala aşyrdylar.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri  2024-nji ýylyň 24-nji, 25-nji fewralynda Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy I.W.Karpenkonyň geçiren metbugat maslahatlaryna gatnaşdylar. Şeýle-de, 2024-nji ýylyň 25-nji fewralynda ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.N.Lebedewiň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine-de gatnaşdylar.

Belarus Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlaryň gutarnykly jemi baradaky habaryna görä, hasaba alnan 6 million 913 müň 965 saýlawçydan 73,09 göterimi ses bermäge gatnaşdy.

Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasyna laýyklykda, wekilçilikli palatanyň 110 deputaty mažoritar saýlaw ulgamynyň esasynda 5 ýyllyk ygtyýarlylyk möhleti bilen saýlandy. Şeýle-de, ýerli Geňeşleriň deputatlarynyň  hem 12514-si saýlandy.

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...