TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

11 Apr

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri önümçilik tejribesinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda ösüş hem rowaçlyk ýolundan ynamly öňe gadam urýar. Ýurdumyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň baş badalgasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ata Watanymyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda geçirilýär we saýlaw ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär. Saýlawlar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir we raýatlaryň iň esasy syýasy hukuklarynyň biridir.

Saýlaw ulgamynyň işi bilen giňişleýin tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmak» ugry boýunça  okaýan diňleýjileri nazary okuwlarda alan bilimlerini berkitmek üçin, 2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Merkezi saýlaw toparynyň edarasynda önümçilik tejribesinde boldular.

Önümçilik tejribesinde olar saýlawlary demokratik esaslarda, guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek boüunça Merkezi saýlaw toparynyň wezipeleri, düzümi hem-de amala aşyrýan işi bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, olara Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen  üýtgetmeler we goşmaçalar, saýlaw toparlaryň döredilişi we ygtyýarlyklary, saýlaw ulgamy, saýlaw hukugy, saýlawlara sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy, saýlaw ulgamynda halkara gatnaşyklary we halkara synçylary, şeýle hem 2023-nji ýylyň 26-njy martynda ýurdumyzda guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary, şeýle-de, 23-nji iýulda  geçirilen Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary we olaryň jemleri barada giňişleýin düşünje berildi we gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.

Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen önümçilik tejribesine gatnaşyjylar täze eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasatyny mynasyp dowam etdirip, demokratiýanyň barha dabaralanýan ýurdunda – ata Watanymyzda okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Şeýle hem ata-babalarymyzdan gelýän ajaýyp däp-dessurlara, ýörelgelere laýyklykda, sahawatly oraza aýynyň tamamlanmagy  mynasybetli bellenilen mukaddes Oraza baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar.

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...

20 Okt
Birleşen Milletler Guramasyndan gelen hoş habar

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...