Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň nobatdan daşary saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.
Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri Azerbaýjan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.
Saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek işlerini Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary we 125 sany okrug we 6478 sany uçastok saýlaw toparlary amala aşyrdylar.
Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň berýän maglumatyna görä, saýlawlarda halkara synçylarynyň 598-si (şol sanda 133-si GDA agza döwletlerden) saýlawlaryň geçirilişine syn etdiler. Şeýle hem akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Mazahir Panahowyň halkara synçylar bilen geçiren duşuşyk çäresine gatnaşdylar. Şeýle-de, şol gün ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary L.W.Anfimowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine-de gatnaşdylar.
Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlaryň jemi baradaky habaryna görä, hasaba alnan 6 million 421 müň 960 saýlawçydan 37,27 göterimi ses bermäge gatnaşdy.
Saýlawlaryň netijeleri boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda bäsleşen 990 dalaşgäriň arasyndan ses bermäge gatnaşan saýlawçylar tarapyndan 125-si Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlygyna 5 ýyllyk ygtyýarlylyk möhleti bilen saýlandy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...