TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

14 Okt

Dünýä ýaň salan akyldar şahyryň toýy

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda   paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirildi.

Aşgabat şäherinde geçirilen ýokary derejeli foruma Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Mongoliýanyň Prezidentleri gatnaşdylar. Şeýle-de, foruma Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Hökümet agzalary, alymlar, medeniýet işgärleri, diplomatlar hem gatnaşdy.

Bu forum beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününi baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Bu maksatnama ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda guralan köp sanly dabaraly çäreler girizildi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek halkara forumyň esasy maksady boldy.

Bilşimiz ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda XVIII asyrda ýaşap geçen beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şanly toýuna bagyşlanyp, köp sanly çäreler geçirildi. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda onuň heýkelleri dabaraly ýagdaýda açyldy. Magtymguly Pyragy öz döwrüniň hem-de ähli döwürleriň söz ussady, beýik akyldary bolmak bilen, eserlerinde bütin adamzady parahatçylyga, agzybirlige çagyrypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenilýär, şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz— Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň we tutuş adamzat siwilizasiýasynyň beýik taglymlarynyň dabaralanmagynyň bähbidine alyp barýan medeni we ylmy diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Akyldar şahyryň ömür we döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler abraýly halkara guramalaryň, dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna eýe boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi, şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlardan wekilçilikli foruma gatnaşmaga gelen belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, oňa gatnaşmak baradaky çakylygy kabul eden döwlet Baştutanlaryna, Hökümetleriň, Parlamentleriň, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna we wekillerine, ýokary derejeli ähli myhmanlara öz adyndan hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkara foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdygyny belledi. Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalary, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Dana Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip geldi diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşmaga gelen belent mertebeli myhmanlara söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz halkara forumy jemläp, bu günki maslahatda çuň manyly çykyşlaryň diňlenilendigini hem-de olarda öňe sürlen teklipleriň geljekde halklarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge, parahatçylygy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz forumyň Magtymgulynyň adynyň we eserleriniň halklary hem-de döwletleri birleşdirýändigini aýdyň görkezendigini aýdyp, onuň özara gatnaşyklarda täze sahypany açjakdygyny belledi.

03 Iýun
Türkmenistan – Mongoliýa: dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy....

02 Iýun
Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammiti

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala...

20 Maý
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...

07 Maý
Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...

05 Maý
Duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...

05 Maý
Ýurdumyzda täze Halkara howa menzili açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...

25 Apr
Türkmen Özbek dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...