2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mnasybetli dabaraly çäreler geçirildi.
Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada badalga aldy. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolýan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy.
Şu ýylyň ýanwar aýynyň 17-26-sy aralygynda geçirilen sirk festiwalyna dünýäniň 25 döwletinden sirk artistleriniň ýüzlerçesi gatnaşdy. Şol abraýly festiwala Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem gatnaşmagy, üstünlikli çykyşlarynyň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanylmagy behişdi bedewlerini hemişe ýakyn syrdaşy, wepaly ýoldaşy saýyp gelýän halkymyzy buýsandyran ajaýyp şatlykly waka öwrüldi. Bu şatlykly waka «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylymyzyň üstünlikleriniň özboluşly badalgasyna öwrüldi.
Ýeri gelende bellesek, bu topar Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredildi. Toparyň işi bu günki günde has-da kämilleşdi. «Galkynyş» toparynyň agzalary ahalteke bedewleriniň üstünde täsin, çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýärler.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary öň hem dünýä derejesinde sirk sungaty boýunça geçirilen halkara sirk festiwallarynda üstünlikli çykyş edip, abraýly baýraklara mynasyp bolup, uly meşhurlyk gazandy. Has anygy: 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen sirk sungatynyň II halkara festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda şowly çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolandygyny agzamak has-da ýakymly.
Mundan başga-da, at üstündäki oýunlar topary 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen «Fontankadaky» sirk sungatynyň I halkara festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigini gazandy. Şu gezekki Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň nobatdaky üstünligi onuň ýeňişleriniň üstüni ýetirdi.
Dabara gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasynyň Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşygyndaky Gutlagy ýetirildi.
Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Gutlag bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz toparyň agzalaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan uly üstünligi, ýagny Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Dabaranyň dowamynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde pul sowgady gowşuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan topara 3 million manat möçberinde pul sowgady gowşuryldy.
Şeýle-de, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasy, sport egin-eşikler toplumy, döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlar toplumy, ajaýyp türkmen halysy sowgat hökmünde gowşuryldy.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmek babatda başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...
2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 13-15-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Osaka şäherinde geç...