TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

16 Apr

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda täze gözýetim

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 13-15-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Osaka şäherinde geçirilen «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan bu strategiýa ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar. Dünýäniň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, şol sanda Ýaponiýa bilen hem hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň «EKSPO – 2025» sergisine gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. E.Toşiaki döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Ýaponiýa ilkinji sapary bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu gezekki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigini belledi. Şeýle-de ol, pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, parlamentara dostluk toparynyň başlygyna Milli Liderimiziň salamyny ýetirdi.

Endo Toşiaki iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly şahsy goşantlary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bütindünýä «EKSPO – 2025» sergisi ýurtlary, kompaniýalary we guramalary öz gazananlary, täze tehnologiýalar, medeniýetler bilen tanyşdyrmak üçin bir ýere jemleýän özboluşly halkara çäredir. Ilkinji Bütindünýä sergisi 1851-nji ýylda Londonda geçirildi. Bütindünýä «EKSPO» sergileriniň 174 ýyllyk taryhynyň dowamynda Ýaponiýa indi üçünji gezek şeýle abraýly gözden geçirilişiň geçirilýän ýerine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň bu iri gözden geçirilişe gatnaşýan 160-a golaý ýurduň arasynda öz Milli gününi ilkinjileriň hatarynda geçirmek hormatyna eýe bolandygy örän guwandyryjydyr.

Osakadaky Ýumeşima emeli adasynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda dowam etjek «EKSPO – 2025-iň» geçýän ýeriniň daş-töweregi «Uly halka» bilen gurşalyp alnandyr. «Uly halka» uzynlygy 2 kilometre, beýikligi 20 metre ýetýän agaç gurluş bolup, ol eýýäm agaçdan gurlan iň uly ýapyk desga hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Osaka sergisi «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek», «Durmuşy birleşdirmek» atly üç mowzukda guralyp, Türkmenistanyň milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» bölüminde ýerleşýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka bilen bilelikde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli geçirilen dabara gatnaşyp, bu ýerde söz sözledi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, sergä gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de döredilen ajaýyp şertler üçin guramaçylara çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtap belleýşi ýaly, Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sergi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýär. Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidir. Türkmenistan Milli gününi açmak bilen, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga, dürli ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Ýaponiýada bolýan türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary bolsa dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz milli pawilýonyň toý bagyny kesýär. Soňra hormatly Prezidentimiz hem-de Ýaponiýanyň resmi adamlary Türkmenistanyň milli pawilýonyna baryp gördüler. Türkmenistanyň pawilýonynyň aýlawly üçburçluk görnüşindäki şekili täzelenişi, durnukly ösüşi alamatlandyrýar. Binanyň üçegi türkmen halkynyň gadymy şaý-sepleriniň biri bolan gülýakadan, daşky görnüşi bolsa Garagum sährasyndan ylham alnyp döredilipdir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Tokiodaky ýokary derejeli gepleşikleri, duşuşyklary geçirdi. Döwlet Baştutanymyz Imperator Naruhito, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu, şeýle-de, Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň filosofiýa ylymlarynyň hormatly doktory akademiki derejesiniň degişli diplomyny gowşurmak dabarasy boldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hem duşuşyk geçirdi we ýapon işewürlerini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň dowamynda Osaka şäherinde geçirilen «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy we Tokioda ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegi türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda geljegi nazarlaýan möhüm ädim bolar.

28 Ýan
Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...

26 Ýan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...