Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyrdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Gazagystan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen, halklarymyzyň gadymdan gelýän doganlyk, birek-birege hormat goýmak, döwletlerimiziň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik däplerine ygrarlylyk ýörelgelerinden ugur alýarlar.
Gazagystan Respublikasynyň Hazret Sultan Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Prezident Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Gazagystan Respublikasyna saparynyň ilkinji güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen bilelikde Türküstan şäherindäki Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna baryp gördüler. Bu ýerde Türküstan şäheriniň taryhy barada gürrüň berildi.
Türküstan Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän iň gadymy şäherleriň biridir. Bu gadymy şäher alymlaryň, şahyrlardyr filosoflaryň mekany bolupdyr. Bu ýerde Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi hem ýerleşýär.
Milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine baryp gördüler. Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň müftüleri Gurhandan aýat okadylar we doga dileg edip, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Ýeri gelende belläp geçsek, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabynda belleýşi ýaly, «Medinede – Muhammet, Türküstanda – Hoja Ahmet» diýlip, belent mertebä eýe bolan ussat, ýasawylyk mekdebini esaslandyran, müňlerçe talyp ýetişdiren Hoja Ahmet Ýasawy türkmeniň orta asyr sopuçylyk edebiýatynyň başyny çekýär. «Türküstan piri» diýlip atlandyrylyp, mertebeli sopular tarapyndan uly hormata mynasyp bolan Hoja Ahmet Ýasawy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin türki halklaryň arasynda-da örän meşhurdyr.
Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda Hoja Ahmet Ýasawynyň adynyň duş gelmegi Pyragynyň bu beýik şahsyýetiň döredijiligine uly sarpa goýandygyny görkezýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasy öwrenmek we aýawly saklamak boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de Gazagystan Pespublikasynyň Prezidenti «Etnoaul» milli medeni toplumyna baryp gördiler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy we dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyny gazak milli döredijilik topary mähirli garyşlady. Milli medeni toplumyň wekili gazak ak öýi, gazak halkynyň gadymy döwürlerde ulanan öý hojalyk esbaplary, haly önümleri we beýlekiler bilen tanyşdyrdy.
Soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew «Turkistan Visit Centre» syýahatçylyk-maglumat merkezine bardylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew merkezde Türküstan şäheri barada wideoşekile tomaşa etdiler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti «Karavansaray Turkistan» syýahatçylyk toplumyna baryp gördiler. Bu toplum Gündogar ertekisi äheňinde gurlan syýahatçylyk toplumydyr. Myhmanlar bu ýerde Türküstanyň taryhy, senetçiligi, medeniýeti we sportuň milli görnüşleri bilen tanşyp bilýärler. Toplumyň çäginde 115 otagly döwrebap myhmanhana ýerleşýär.
Dostlukly saparynyň ikinji güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Gazagystanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana Gazagystan Respublikasyna gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we bu sapara sabyrsyzlyk bilen garaşylandygyny hem-de onuň öz wagtynda amala aşyrylandygyny nygtady. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp, 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çakylygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, bu çakylygy höwes bilen kabul edendigini hem-de türkmen paýtagtyna sapary amala aşyrmaga meýillidigini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik, Türkmenistanyň wekiliýetiniň gadymy Türküstan şäherinde bolmagy üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz sözüniň ahyrynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurduň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilelikde «SPK TURKISTAN» senagat parkyna baryp gördüler. Gahryman Arkadagymyza we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine mowzuklaýyn wideoşekiller hem görkezildi.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň goňşy ýurda amala aşyran dostlukly sapary iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...
2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 13-15-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Osaka şäherinde geç...