TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

25 Apr

Türkmen Özbek dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Özbegistan Respublikasyna dostlukly sapary amala aşyrdy.

Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyz diňe bir özara bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylygynyň we rowaçlygynyň maksatlaryna hem laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ymtylýandyklaryny görkezýärler.

Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Prezident Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Özbek Lideri Samarkant şäheriniň Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna bardylar. Bilşimiz ýaly, Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimow bu ýerde Hazrati Hizir taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň çäginde jaýlanyldy.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Şawkat Mirziýoýew aramgähe baryp, Özbegistanyň ajaýyp döwlet we syýasy işgärini hatyralap, gül desselerini goýdular. Soňra bu ýerde mukaddes Gurhandan aýat okaldy we Özbegistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap, doga-dileg edildi hem-de iki halklyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dowamat-dowam bolmagy arzuw edildi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen bilelikde 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda açylan «Baky şäher» syýahatçylyk meýdanyna bardylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbek Lideri bilen bilelikde umumy meýdany 17 gektardan gowrak bolan ägirt uly toplumyň desgalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasyna şu gezekki dostlukly saparynyň maksatnamasyna Samarkant şäherine baryp görmek çäresiniň goşulmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki, iki doganlyk halkyň medeniýetleriniň, milli däp-dessurlarynyň umumylygy, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary döwletara dialogyny çuňlaşdyrmak, onuň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, medeni alyşmalary giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.

Özbegistan Respublikasyna dostlukly saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz 24-nji aprelde ir bilen Samarkant şäherindäki Kongres merkezine bardy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany-türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy boldy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler syýasy, ykdysady we söwda ulgamlarynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ýurtlarymyzyň bilelikde tagalla edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň Baştutany netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat taýdan ýakynlaşmak, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny bellediler. Soňra duşuşyk giňişleýin düzümde geçirildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny Samarkantda mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyza Özbegistana dostlukly sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy golaýda Ýaponiýa bolan üstünlikli sapary hem-de Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory diýen adyň berilmegi bilen gutlady. Häzirki wagtda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Goňşy ýurtlary doganlyk we köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň Baştutanyny ýene-de bir gezek mübärekläp, Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy we mähirli kabul edendigi hem-de myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistanyň Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwletara dialog ýokary derejede ösdürilýär. Bu işde iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary kesgitleýji orny eýeleýär. Özara saparlaryň asylly däbi şu ýyl hem dowam etdirildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny – «Ýokary derejeli dostluk» («Oliý Darajali Dustlik») ordenini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabarada çykyş edip, Men bu sylagy – «Ýokary derejeli dostluk» ordenini türkmen halkyna özbek halkyndan sylag hökmünde kabul edýärin. Men, öz gezegimde, Türkmenistanyň we Özbegistanyň doganlyk halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalarymy, bilimimi we durmuş tejribämi gaýgyrmaryn diýip belledi.

Dabaranyň barşynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler

Dostlukly saparyň çäklerinde, türkmen halkynyň Milli Lideri we dostlukly döwletiň Baştutany Kongres merkeziniň Hormatly myhmanlar seýilgähinde iki ýurduň doganlyk halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynyň we dostlugynyň pugtalandyrylmagynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdylar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Lideri «EKSPO» sergiler merkeziniň binasyna baryp, bu ýerde «Wagtyň salgymlary» atly sergi bilen tanyşdylar.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň goňşy ýurda amala aşyran şu gezekki dostlukly sapary hem-de Özbegistanyň Baştutany bilen geçirilen gepleşikler iki doganlyk halkyň ýakynlaşmagyna, taryhy gymmatlyklaryň we däp-dessurlaryň baýlaşmagyna, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...

07 Maý
Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...

05 Maý
Duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...

05 Maý
Ýurdumyzda täze Halkara howa menzili açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...

25 Apr
Türkmen Özbek dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...

24 Apr
Türkmen Gyrgyz dost-doganlyk gatnaşyklary berkidilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...

23 Apr
Türkmenistan – Gazagystan: dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...

16 Apr
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynda täze gözýetim

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 13-15-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Osaka şäherinde geç...