TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLARA SYN ETMEGIŇ DEMOKRATIK ÝÖRELGELERI

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar özüniň milli demokratik köklerini ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelerden alyp gaýdýar hem-de häzirki zaman talaplaryna laýykýykda dowam etdirilýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saýlaw ulgamyny, saýlaw kanunçylygyny kämilleşdirmek, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, saýlawlary aýanlyk ýagdaýynda we demokratik esaslarda guramaçylykly geçirmek esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde beýleki ähli ulgamlar bilen birlikde, saýlaw ulgamyna içgin üns berilýär. Ýurdumyzda döwletiň demokratik esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetiniň ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Demokratik özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyrýan, dünýä tejribesini demokratiýanyň milli nusgasyna ornaşdyrmak arkaly ösüşe we kämillige badalga berýän ählihalk saýlawlary giň bäsleşik esasynda geçirilýär.

Soňky ýyllarda saýlawlaryň geçirilişine syn etmegiň demokratik ýörelgelerini halkara kadalaryna laýyklykda has-da berkitmek arkaly, jemçyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagyny gazanmak synçylaryň esasy üns berýän taraplarynyň birine öwrüldi.

Aslynda, saýlawlara halkara we ýerli derejede syn etmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýar hem-de bu şertler ählumumy ykrar edilen halkara resminamalarynda-da bellenilýär.

Saýlawlara syn etmegiň baş maksady raýatlaryň saýlaw hukugyny goramaga we ýaýbaňlandyrmaga, ýurdumyzda saýlawlary demokratik derejede geçirmek boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuny binýady bolup durýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlara syn etmegi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dalaşgärleriň ynanylan adamlary, milli synçylar, daşary ýurtlaryň, halkara guramalarynyň synçylary amala aşyryp bilýärler.

Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, kazylardan, prokurorlardan, saýlaw toparlarynyň agzalaryndan, dalaşgärlerden, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryndan başga saýlaw hukugy bar bolan Türkmenistanyň raýaty milli synçy bolup biler.

Milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişlidir.

Milli synçylary bellemegi syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri öz ýerli guramalarynyň mejlislerinde, raýatlar toparlary öz ýygnaklarynda, dalaşgärler bolsa bellige alnandan soň amala aşyrýarlar.

Milli synçyny bellemek boýunça raýatlar toparynyň ýygnagyna saýlaw hukukly raýatlaryň azyndan otuzysy gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.

Dalaşgärler öz saýlaw okrugynyň çägindäki saýlaw uçastoklarynyň her birine bir milli synçy belläp bilerler.

Milli synçylary bellemek işlerine saýlaw möwsüminiň başlanandygy yglan edilen gününden girişilip bilinýär.

Milli synçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Merkezi saýlaw topary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary bellige alýar.

Milli synçylaryň hukuklary olaryň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýar.

Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26-njy maddasynyň 31-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanynda Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş topary döredilýär. Bu toparyň düzümine Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary we edarasynyň hünärmenleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň Merkezi guramalarynyň jogapkär işgärleri girýärler.

Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň düzümi Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň karary bilen tassyklanylýar hem-de olara degişli şahsyýetnama berilýär.

Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzalary Merkezi saýlaw toparynyň geçirýän ähli mejlisine gatnaşýarlar we onda kabul edilýän kararlar hem-de çözgütler bilen aýanlyk şertlerinde tanyşýarlar.

Syýasy partiýanyň, jemgyýetçilik birleşiginiň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleriniň hersi öz degişli guramasyndan welaýatlar, Aşgabat şäheri boýunça hödürlenen we bellige alnan milli synçylaryň işiniň guramaçylykly alnyp barylmagyny utgaşdyrýar.

Demokratik saýlawlar her bir döwletiň syýasy durmuşynda esasy orny eýeleýär. Şonuň bilen birlikde döwletiň ösüşiniň geljekki ugurlaryny, syýasy we döwlet gurluşyny, raýat jemgyýetiniň hukuklaryny kesgitleýär. Erkin saýlawlar döwlet häkimiýetini kanunlaşdyrmagyň, jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň demokratik usullarynyň biridir. Bu  möhüm ugurlary üstünlikli amala aşyrmakda saýlaw kanunçylygynyň  kämil bolmagy, saýlawlary guramagyň we olary geçirmegiň demokratik tejribeleri, şeýle-de olaryň saýlaw işlerine gatnaşyjylar hem-de halkara bileleşikleri tarapyndan ykrar edilmegi wajyp meseledir.

Dünýäniň abraýly halkara guramalary bolan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi, Amerika Yklymynyň Döwletleri Guramasy, Parlamentara Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan saýlawlara syn etmegi guramak bilen bagly esasy düzgünnamalary özünde jemleýän resminamalaryň 50-den gowragy kabul edildi.

Demokratik saýlawlara halkara derejesinde syn etmegiň baş maksady raýatlaryň saýlaw hukugyny goramaga we ýaýbaňlandyrmaga, haýsy-da bolsa bir döwlete saýlawlary demokratik derejede geçirmek boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, daşary ýurt (halkara) synçylarynyň saýlawlaryň bellenilen gününden soň Türkmenistanyň Prezidenti, Merkezi saýlaw topary tarapyndan çagyrylyp bilinýär.

Mundan başga-da, şol madda laýyklykda, daşary ýurt (halkara) synçylaryny resmi taýdan bellige almagyň çakylyk haty bar bolan halatynda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan amala aşyrylýandygy;

olaryň işiniň Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen düzgünleşdirilýändigi;

saýlaw toparlarynyň, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, wezipeli adamlaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt (halkara) synçysyna zerur bolan ýardamy berýändigi;

daşary ýurt (halkara) synçysynyň öz işini özbaşdak we garaşsyz amala aşyrýandygy;

daşary ýurt (halkara) synçylarynyň saýlawlara taýýarlyk görlüşine we olaryň geçirilişine syn etmek bilen baglanyşykly bolmadyk işleri amala aşyrmaga hukuklarynyň ýokdugy;

daşary ýurt (halkara) synçylarynyň hukuklarynyň olaryň bellige alnan gününden başlanýandygy we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýandygy beýan edilýär.

Munuň özi halkara synçylarynyň çagyrylmagynyň saýlawlaryň aýanlykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde örän uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

Şu nukdaý nazardan, dünýäde hoşniýetli döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny öňe sürýän hemişeik Bitarap Türkmenistan döwletimizde demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýän Prezident we Parlament saýlawlaryna daşary ýurt (halkara) synçylaryny çagyrmaklyk özboluşly syýasy ähmiýete eýe boldy.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawlaryň aýanlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlaryň toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 4072-si degişli welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynda bellige alnyp, olar saýlawlaryň geçirilişine syn etdiler.

Bu bellige alnan milli synçylaryň 591-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 311-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 392-si Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 665-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, 253-si Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 525-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, 226-sy raýatlar toparlary, 1109-sy dalaşgärler tarapyndan bellenilendir.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ilkinji gezek Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynyň onlarçasynda ýörite kameralar gurnalyp, online düzgüninde saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly saýtynda ilata görkezildi we oňa ýüz-müňlerçe raýat seretdi.

Bellenilip geçilen maglumatlara ser salanyňda, saýlawlaryň jemgyýetçiligiň giň gerimli gözegçiligi esasynda geçirilýändigine göz ýetirýärsiň.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Belarus, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Gyrgyz Respublikalaryndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň Parlamentara Gatnaşyklary Assambleýasyndan, Russiýa we Belarus Bileleşiginiň Parlament Ýygnagyndan we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetinden, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstriýadan, Hindistan Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýran Yslam Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan halkara synçylarynyň, şeýle-de garaşsyz synçylaryň 142-si saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişi, taýýarlyk işleri we ses bermegiň barşy bilen tanyşmak üçin Türkmenistana geldi.

Olar Türkmenistanda bolan mahalynda, saýlaw kanunçylygynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilýän işler bilen tanyşmaga, saýlaw toparlarynyň agzalary, dalaşgärler, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, raýatlaryň toparlary, dalaşgärleriň ynanylan adamlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmäge mümkinçilik aldylar.

Bu abraýly halkara guramalarynyň hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilen saýlawlara syn etmek işleriniň netijeleri baradaky jemleýji beýanlary we Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden gelen halkara synçylarynyň öz aýratyn pikirleri saýlawlaryň aýanlykda, demokratik ýörelgelerden ugur alnyp geçirilendiginiň halkara derejesindäki ykrarnamasy boldy. Munuň özi, sözüň doly manysynda, ählumumy ykrar edilen demokratik kadalaryň Türkmenistanda ygtybarly berjaý edilýändiginiň özboluşly subutnamasy bolup ýaňlandy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň milli kanunçylyk namalaryna we halkara kadalaryna laýyklykda, milli we daşary ýurt synçylarynyň alyp barmaly işlerine ýardam bermek maksady bilen, Merkezi saýlaw topary tarapyndan ýörite ýatlama işlenilip taýýarlanyldy.

Saýlaw möwsüminde milli synçylar bilen usuly okuw maslahatlary geçirilip, olara saýlawlara syn etmek işleriniň düzgünleri, ygtyýarlyklary we hukuklary, şonuň bilen birlikde hem saýlawlara syn etmegiň halkara tejribeleri barada hem düşündirişler berilýär.

Synçylar saýlawlara taýýarlyk görlüşi we geçirilişi baradaky belliklerini we jemleýji pikirlerini saýlaw uçastogyndaky ýörite taýýarlanan “Saýlawçylaryň we synçylaryň teklipleri” depderçesinde ýazýarlar.

Jemgyýetçiligiň-halkyň wekillerinden ybarat bolan milli synçylaryň saýlaw möwsümi boýunça jemleýji maglumatlary we pikirleri esasynda, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuna laýyklykda, demokratik ýörelgeler we bäsleşik esasynda guramaçylykly geçirilendigi hakynda Merkezi saýlaw toparyna ykrarnama berýändiklerini aýratyn nygtamak zerurdyr.

Saýlawlaryň demokratik esaslarda, halkara kadalaryna, milli kanunçylyklarymyza laýyklykda, tutuş jemgyýetçiligiň gözegçiliginde, adalatly geçirilmegi hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli synçylaryň kämil derejeli ulgamynyň, institutynyň emele gelendiginden habar berýär. Munuň özi Türkmenistanyň halkara derejesinde borçlanýan demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň, şeýle hem ýurdumyzda saýlawlara syn etmegiň demokratik ýörelgeleriniň doly berjaý edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Maksatmyrat GELDIÝEW,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.