TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

1 MILLION 600 MÜŇ TONNA AZYKLYK BUGDAÝ

Hormatly Prezidentimiziň esasy maksatlarynyň biri ýurdumyzda ygtybarly azyk bolçulygyny döretmekden ybarat bolup durýar. Toplumlaýyn we giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagy Türkmenistan döwletimiziň obasenagat toplumynyň uly ösüşlere eýe bolmagyna getirýär. Munuň şeýledigini 27-nji iýunda Türkmenistan döwletimiz boýunça  azyklyk bugdaýyň 1 million 600 müň tonnadan gowragynyň ýygnalyp, uly zähmet ýeňşiniň gazanylandygy hem  aýdyň subut edýär. Türkmen gallaçylarynyň bu uly üstünligi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriniň özboluşly miwesidir.

Bu zähmet ýeňşiniň gazanylmagy ýurdumyzyň welaýatdyr etraplarynyň yzly-yzyna şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmekleri esasynda mümkin boldy. Has takygy...

25-nji iýunda Ahal welaýaty Watan harmanyna azyklyk bugdaýyň 450 müň tonnasyndan gowragyny tabşyryp, galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ilkinjileriň hatarynda  ýerine ýetirdi. 26-njy iýunda  Mary welaýatynyň gallaçy daýhanlary hem dänäniň 380 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyrdy. 27-nji iýunda bolsa Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary öz zähmet ýeňişleri barada hasabat berdiler. Munuň özi Lebap welaýatynyň zähmetkeşleriniň Watan harmanyna 350 müň tonnadan gowrak, Daşoguz welaýatynyň ekerançylarynyň 300 müň tonnadan gowrak, Balkan welaýatynyň gallaçylarynyň hem 120 müň tonnadan gowrak ýokary hilli azyklyk bugdaýy tabşyrandyklaryny aňladýar.

Pudaklaýyn düzümiň täze tehnikalar bilen üpjün edilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, oba zähmetkeşleriniň ýokary hilli tohumlar hem-de zerur bolan mineral serişdeler bilen üpjün edilmegi, bugdaýyň satyn alyş nyrhynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin ýeňillikli karzlaryň berilmegi, şeýle-de beýleki çykdajylaryň maliýeleşdirilmegi ýurdumyzda galla oragynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün etdi.

Şu günler ýurdumyzyň meýdanlarynda bugdaý oragy dowam edýär. Gallaçy daýhanlarymyz  meýdanlarda galan hasylyň iň soňky dänesine çenli ýygnamak işlerini guramaçylykly dowam etdirýärler.