TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

SAÝLAW BÝULLETENLERI

Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda we sala salşyklarda ses bermek üçin saýlaw býulletenleri ulanylýar. Saýlaw býulletenleri bilen ses bermegiň tertibi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 70-nji maddasyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

Saýlaw býulletenleri döwlet dilinde çap edilýär, şeýle hem olar degişli etrap, etrap hukukly şäher saýlaw toparlarynyň haýyşnamasy esasynda, raýatlaryň saýlaw hukuklaryny, olaryň ses bermäge gatnaşmaklary üçin goşmaça kepillikleriň döredilmegini üpjün etmek maksady bilen, diňe bir döwlet dilinde däl-de, zerur halatlarda saýlaw uçastogynyň saýlawçylarynyň köplüginiň ulanýan dillerinde hem çap edilip bilner.

Şeýle-de, görüş ukyby pes bolan saýlaw hukukly raýatlaryň ses bermekleri üçin, ýörite braýl harply saýlaw býulleteni hem taýýarlanylyp bilner.

Saýlawlarda we sala salşyklarda çap edilmeli saýlaw býulletenleriniň jemi sany saýlawçylaryň sanawlaryna girizilen saýlawçylaryň sanyna deň bolmalydyr. Ätiýaçlyk üçin çap edilýän saýlaw býulletenleriniň sany bolsa býulletenleriň umumy sanynyň iki göteriminden köp bolmaly däldir.

Saýlaw býulletenleri degişli saýlaw toparynyň resmi buýurmasy esasynda we bellenilen tertipde döwlet metbugat edaralarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň (mundan beýläk-Merkezi saýlaw topary) tassyklan nusgasyna laýyklykda çap edilýär.

Saýlaw býulletenlerini çap etmegiň çykdajylary Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýär we tölegleri merkezleşdirilen görnüşde, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça çykdajylaryň sanawyna laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan üpjün edilýär.

Saýlaw býulletenleriniň çap edilmegini guran degişli ýokarda durýan saýlaw topary olary aşakda durýan saýlaw toparlaryna delilnama esasynda berýär. Saýlaw býulletenleri saýlawlara, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli azyndan on gün galanda saýlaw uçastoklaryna getirilýär.

Saýlaw býulletenleri berk hasabatlylyga degişlidir. Uçastok saýlaw topary saýlaw býulletenlerini alanda, olaryň hemmesini sanaýar we abatlygyny barlaýar. Saýlaw býulletenlerini taýýarlamagyň, eltmegiň we olar boýunça hasabatlylygyň tertibi Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilýär.

Saýlaw býulletenleri degişli saýlaw toparyna eltilende, olaryň howpsuzlygy üpjün edilýär.

Saýlaw býulletenleri saýlaw uçastogyna getirilenden soň, uçastok saýlaw toparynyň ýerleşýän jaýynda demir seýfde saklanylýar we nobatçylyk ýola goýulýar.

Saýlaw býulletenleriniň ýazgysy we görnüşi saýlawlaryň we sala salşyklaryň geçirilişiniň netijeliligine, ses berilýän güni saýlawçylaryň hem-de sala salşyga gatnaşyjylaryň öz erk-isleglerini beýan etmek işlerine kesgitli täsir edýär.

Şu nukdaýnazardan, saýlaw býulleteni tanyşmak, doldurmak – ses bermek üçin düşnükli, oňaýly hem-de aňsat bolmalydyr.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda we sala salşyklarda saýlaw býulletenlerini galplaşdyrylmakdan (ýasamalykdan) goramak üçin degişli çäreler amala aşyrylýar. Has takygy, çap edilende onuň goraglylyk derejesini ýokarlandyrýan dürli görnüşli alamatlary özünde saklaýan, hususan hem öçügsi belgiler, kagyzyň özboluşly reňki, nyşanlar we şuňa meňzeş alamatlary ulanmak bilen taýýarlanylýandygyny bellemek bolar.

Saýlaw býulletenleriniň goraglylygyny üpjün etmek işlerinde ýurdumyzda oňyn tejribeler toplanyldy. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça taýýarlanylýan saýlaw býulletenleriniň görnüşleri-de aýdyň şaýatlyk edýär.

Dürli derejeli saýlawlaryň bir günde geçirilýändigi sebäpli, her saýlaw boýunça çap edilýän saýlaw býulletenleri özleriniň reňki we saýlaw okruglarynyň belgileri boýunça tapawutlanýarlar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryndaky saýlaw býulleteniniň reňki ak bolup, oňa degişlilikdäki saýlaw okrugynyň belgisi we ady ýazylýar.

Welaýat Halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw býulleteniniň reňki açyk ýaşyl bolup, onda degişli çäkdäki saýlaw okrugynyň belgisi görkezilýär.

Etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bolsa, saýlaw býulleteniniň reňki sarymtyl bolup, onda hem degişli çäkdäki saýlaw okrugynyň belgisi goýulýar.

Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça, saýlaw býulletenleriniň reňki ak bolup, degişli çäge görä, ýokarky sag burçy saýlaw okruglarynyň san belgisi bilen belgilenip, şeýle hem dürli reňkleri bilen tapawutlandyrylýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlarda saýlaw býulletenine saýlaw okrugy boýunça bellige alnan dalaşgärleriň hemmesi girizilip, onda her bir dalaşgäriň familiýasy (elipbiý tertibinde), ady, atasynyň ady, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi (käri) we ýaşaýan ýeri görkezilýär.

Ählihalk sala salşygynda saýlaw býulleteniniň ýazgysyny Merkezi saýlaw topary, ýerli sala salşykda bolsa – etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw topary sala salşygyň geçiriljek gününe çenli otuz günden gijä galman tassyklaýar.

Saýlaw býulleteninde sala salşyga goýlan meseläniň kesgitlemesi we ses berýän sala salşyga gatnaşyjynyň erk-isleginiň görnüşleri: sese goýluşyna baglylykda «tarapyna» ýa-da «garşysyna» görnüşleri bellenilýär.

Saýlaw býulletenine girizilýän maglumatlar onuň diňe bir tarapyna ýazylmalydyr. Saýlaw býulletenleriniň arka tarapyna bolsa, uçastok saýlaw toparynyň başlygy we kätibi gol çekýär hem-de saýlaw uçastogynyň möhrüni basýar.

Şeýlelikde, uçastok saýlaw topary ses berilýän güne çenli saýlaw býulletenlerini ses bermek üçin taýýarlap goýýar. Saýlaw toparlary saýlaw býulletenleriniň aýawly saklanylyşyna jogapkärçilik çekýärler.

Degişli saýlawlar boýunça saýlaw býulletenleri çap edilenden soň, oňa girizilen dalaşgär çykyp giden halatynda, dalaşgäri bellige alan saýlaw topary saýlaw býulletenine bellik etmek hakynda karar kabul edýär. Ýokarda durýan saýlaw toparynyň karary esasynda, uçastok saýlaw topary saýlaw býulletenindäki çykyp giden dalaşgär baradaky maglumatlaryň üstüni göni kese çyzyk bilen çyzýar.

Şunda, çykyp giden dalaşgäriň familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň, işleýän ýeriniň, wezipesiniň (käriniň), ýaşaýan ýeriniň we dalaşgäriň familiýasynyň deňindäki saýlawçynyň bellik edýän dörtburçlygynyň üsti hem çyzylýar.

Çyzyk diňe gök syýaly ruçka bilen çyzylýar we beýleki dalaşgärler baradaky maglumatlaryň çägine degmeli däldir.

Ses bermek geçirilende, uçastok saýlaw toparynyň saýlawçylara saýlaw býulletenini berýän agzalary saýlawça saýlaw býulleteninde çykyp giden dalaşgär barada bellik edilendigini mälim edýär.

Ses bermegi guramaçylykly geçirmek maksady bilen, uçastok saýlaw toparynyň başlygy saýlawlar we sala salşygyň güni toparyň agzalarynyň haýsysynyň saýlawçylara saýlaw býulletenini bermelidigini öňünden kesgitleýär.

Saýlaw uçastogynda ses bermek geçirilende, uçastok saýlaw topary saýlawça saýlaw býulletenini saýlawçylaryň sanawy esasynda, pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasyny görkezende berýär.

Saýlaw býulletenini alan saýlawçy saýlawçylaryň sanawynda gol çekýär. Saýlawçy saýlaw býulletenini kabinada doldurýar.

Saýlawlarda we sala salşyklarda saýlawçy dalaşgärleriň haýsysynyň tarapyna ses berýän bolsa, saýlaw býulleteninde şonuň familiýasynyň deňinde, sala salşykda bolsa goýlan meseläniň «tarapyna» ýa-da «garşysyna» diýlen ýerinde biriniň deňinde dört burçlukda bellik edýär.

Ses bermegiň gizlinligini üpjün etmek çärelerine laýyklykda, saýlawçy doldurylan saýlaw býulletenini saýlaw gutusyna eplenen görnüşde atýar.

Ses bermegiň dowamynda saýlawçynyň haýyşy boýunça zaýalanan saýlaw býulleteniniň deregine oňa täze saýlaw býulleteni berlip bilner. Şunda, zaýalanan saýlaw býulletenleri hasaba alynmaga, ulanylmaz ýaly edilmäge we aýratyn saklanylmaga degişli bolup durýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 74-nji maddasyna laýyklykda, saýlawçynyň ýüztutmasy esasynda, saýlawlar güni ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek işleri üpjün edilende, ses bermegi geçirýän uçastok saýlaw toparynyň agzalaryna berilýän saýlaw býulletenleriniň sany saýlawçylaryň umumy sanawynyň göçürmesinde görkezilýär.

Şunda, saýlaw býulletenleriniň berk hasabatlylyga degişlidigi sebäpli, umumy sanawynyň göçürmesinde jemi alnan, ulanylan ýa-da zaýalanan we yzyna tabşyrylan saýlaw býulletenleriniň möçberi sanlarda we ýazmaça görnüşde görkezilýär.

Ses berilýän jaýdan daşarda ses bermegi geçirýän uçastok saýlaw toparynyň agzalary saýlaw býulletenlerini diňe ýüztutmalary bellige alnan saýlawçylara bermäge hukuklydyrlar.

Saýlawlarda we sala salşyklarda ses bermek tamamlanandan soňra, saýlaw uçastogynda sesler sanalanda we saýlaw býulleteniniň dalaşgärleriň haýsy hem bolsa biriniň tarapyna ses berlen býulletenleriň hatarynda sana goşup bolmaýandygy sebäpli, hakyky däldigi baradaky mesele ýüze çykan halatynda, onuň çözgüdini uçastok saýlaw topary sese goýmak arkaly kesgitleýär. Şunda, şol saýlaw býulleteni uçastok saýlaw toparynyň başlygy tarapyndan onuň agzalarynyň hemmesine aýdyň görkezilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 75-nji maddasyna laýyklykda, şu aşakdaky saýlaw býulletenleri hakyky däl diýlip hasap edilýär:

– Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen nusgadan başga görnüşde bolsa;

– saýlaw býulleteninde birden köp dalaşgäriň familiýasynyň deňinde bellik edilen bolsa;

– saýlaw býulleteninde hiç hili bellik edilmedik bolsa;

– saýlaw býulleteninde saýlawlar gününe çenli çykyp giden dalaşgärler üçin ses berlen bolsa;

– saýlaw býulleteninde goşmaça familiýa ýazylan bolsa;

– saýlaw býulletenlerine uçastok saýlaw toparynyň başlygy we kätibi gol çekmedik hem-de saýlaw uçastogynyň möhri basylmadyk bolsa.

Eger-de, saýlaw býulleteni ýyrtylyp, onda saýlawçynyň kimiň tarapyna ses berendigini takyklamaga mümkinçilik ýok bolsa, şol saýlaw býulleteniniň hem hakyky däl diýlip hasap edilýändigini bellemek bolar.

Hakyky däl saýlaw býulletenleri sanalmalydyr we kagyz bukjada aýratyn saklanylmalydyr. Kagyz bukjanyň daşynda - hakyky däl saýlaw býulletenleri - diýlip ýazylmalydyr hem-de olaryň sany görkezilip (harp bilen ýazylan görnüşde hem), saýlaw uçastogynyň möhri basylýar.

Ses bermek tamamlanandan soň saýlaw gutularynyň açylmagynyň öň ýanynda uçastok saýlaw topary peýdalanylmadyk saýlaw býulletenleriniň we zaýalanan diýlip ykrar edilen býulletenleriň ählisini sanaýar we ulanylmaz ýaly edýär.

Saýlaw býulletenleri onuň aşaky tarapyndaky bellik edilen çep burçuny kesmek arkaly ulanylmaz ýaly edilýär.

Ulanylmaz ýaly edilen saýlaw býulletenleri kagyz bukjada aýratyn saklanylýar. Kagyz bukjanyň daşynda - ulanylmaz ýaly edilen saýlaw býulletenleri - diýlip ýazylýar hem-de olaryň sany görkezilip, saýlaw uçastogynyň möhri basylýar.

Saýlaw býulletenleri saýlawlaryň netijeleri resmi taýdan yglan edileninden soň, degişli etrap, şäher saýlaw toparyna eltilýär we şol ýerde iki aý möhlete çenli saklanylýar.

Saýlaw býulletenleri Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyklary ykrar edileninden iki aý soň ýerlerde işçi toparlar döredilip, ýakylyp ýok edilýär.

Saýlaw býulleteni saýlawlaryň esasy resminamalarynyň biridir. Hut şonuň üçin hem onuň dogry doldurylmagy örän wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlarda saýlaw býulletenini doldurmagyň tertibini düşündirýän wideorolikleriň, ündewsuratlaryň taýýarlanylýandygyny we teleýaýlymlar arkaly halk köpçüligine ýetirilýändigini, saýlawçylaryň ses bermek hukuklaryndan paýdalanmaklary üçin ähli şertleriň üpjün edilýändigini hem aýratyn nygtamak bolar.

 

Maksatmyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky
Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.