TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

SAÝLAW UÇASTOGY

Hormatly Prezidentimiziň iňňän ynsanperwer syýasaty esasynda  türkmen jemgyýetiniň kämilliginiň, raýatlaryň syýasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolup durýan saýlawlar ýurdumyzda halk demokratiýasynyň giňden dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär. Köppartiýalylyk şertlerinde we demokratik ýörelgeler esasynda guralýan möhüm jemgyýetçilik–syýasy çäre bolan saýlawlar boýunça ses bermegiň guramaçylykly geçirilmegi üçin ýurdumyzyň çäklerinde saýlaw uçastoklary döredilýär. Saýlaw uçastoklary halkara standartlaryna laýyklykda enjamlaşdyrylýar.

Saýlaw uçastogy–munuň özi saýlawçylaryň sanawyny düzmek, ses bermeklerini geçirmek we seslerini sanamak üçin döredilýän çäk birligidir. Başgaça aýdanyňda, saýlawlary, sala salşyklary geçirmek üçin, saýlaw kanunçylygynda bellenilen saýlawçylaryň sanyna laýyklykda, degişli saýlaw okrugynyň we dolandyryş-çäk birliginiň çäk bölegini öz içine alýan ilatly ýerdir.

Saýlaw uçastoklary saýlawçylaryň ses bermegi üçin şertleri döretmek, olaryň öz erk-isleglerini erkin beýan etmeklerini guramak, gizlin ses bermegi üpjün etmek, uçastok saýlaw toparynyň saýlawlar bilen baglanyşykly işlerini alyp barmaklaryny, ses berilýän güni bolmaga hukugy bolan adamlaryň saýlaw uçastogynda bolmagyny üpjün etmek we beýleki degişli işleri amala aşyrmak maksady bilen döredilýär.

Saýlaw uçastogy we onuň içinde ýerleşdirilen enjamlar bellenilen arassaçylyk we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine laýyk gelmelidir  hem-de saýlawçylaryň ses bermekleri üçin oňaýly ýerde bolmalydyr. Bu işleriň talabalaýyk amala aşyrylmagyny üpjün etmek bilen bagly çäreleriň çäklerinde, Merkezi saýlaw topary tarapyndan «Saýlaw uçastogy boýunça ses berilýän jaýy taýýarlamagyň tertibi hakynda» düzgünnama tassyklanyldy.

Saýlaw uçastoklaryny döretmek çäreleri nähili tertipde amala aşyrylýar?

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlarda, sala salşykda ses bermegi geçirmek üçin şäheriň, şäherçäniň, obanyň çägi saýlaw uçastoklaryna bölünýär. Saýlaw uçastoklary degişli etrap, şäher saýlaw topary tarapyndan yzygiderli tertip boýunça belgilenip döredilýär. Saýlaw uçastoklary saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmagyna amatly bolar ýaly tertipde döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy boýunça, Merkezi saýlaw topary tarapyndan Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda hem saýlaw uçastoklary döredilýär. Olar Merkezi saýlaw toparynyň kesgitlän etrabynyň ýa-da şäheriniň saýlaw uçastoklarynyň düzümine girizilýär.

Saýlaw uçastoklary saýlawlara, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli azyndan kyrk bäş gün galanda döredilýär. Harby bölümlerde, uzak we barmasy kyn ýerlerde, şypahanalarda we dynç alyş öýlerinde, ýatymlaýyn kesel bejeriş edaralarynda, administratiw mejbur ediş ýa-da jenaýat iş ýörediş ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylýan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklary saýlawlar gününe çenli azyndan bäş gün galanda hem döredilip bilner.

Saýlaw uçastoklary ýigrimiden iki müňe çenli saýlawçy sany bilen döredilýär, käbir halatlarda saýlawçy sany ýigrimiden az bolan saýlaw uçastoklary hem döredilip bilner.  Degişli saýlaw topary uçastok saýlaw toparynyň we ses bermegiň geçiriljek jaýynyň ýerleşýän ýerini görkezmek bilen her bir saýlaw uçastogynyň araçägi hakyndaky habary ilatyň dykgatyna ýetirýär.

Saýlaw uçastogynyň araçägi degişli saýlaw okrugynyň çäginden çykmaly däldir. Başga bir söz bilen aýdanyňda, köplenç ýagdaýlarda saýlaw uçastogynyň araçägi degişli saýlaw okrugynyň çäginden kiçi bolýar. Ýagny saýlaw okrugynyň çäginde birnäçe saýlaw uçastogy ýerleşýär.

Ýöne, käbir halatlarda, saýlawçylarynyň sany az bolan dolandyryş çäk birliklerinde, esasan hem Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda tersine, saýlaw uçastogynyň çäginde birnäçe saýlaw okrugynyň ýerleşýän ýagdaýlaryna hem duşmak bolýar. Saýlaw uçastogy saýlaw okrugy bilen aýrylmaz baglydyr. Olaryň haýsy hem bolsa biri bolmazdan saýlawlar geçirilip bilinmez.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlarda Türkmenistanyň çäginde jemi 2565, şol sanda: Aşgabat şäherinde 299, Ahal welaýatynda 364, Balkan welaýatynda 272, Daşoguz welaýatynda 523, Lebap welaýatynda 559, Mary welaýatynda 548 sany saýlaw uçastogy döredildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda hem 39 sany saýlaw uçastogy döredildi. Şeýlelikde, saýlaw uçastoklarynyň jemi sany 2604-e deňdir.

Saýlaw uçastogy barada aýdylanda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda ses bermegi guramagyň we geçirmegiň tertibi hakynda düzgünnamanyň bardygyny hem nygtamak bolar. 

Her täze saýlawlarda saýlawçylaryň sanynyň artýandygy sebäpli, saýlaw uçastoklarynyň sanynyň-da köpelmegi saýlawlarda häsiýetli ýagdaýdyr. Mysal üçin: saýlaw uçastoklarynyň jemi sany 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda 2587-ä, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Parlament, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa 2604-e deň boldy. Türkmenistanyň saýlaw uçastoklarynyň hemmesi bir nusgadaky möhürler, at ýazgylar, kabinalar, gutular we beýleki maddy-haryt gymmatlyklary bilen üpjün edilendir.

Saýlaw uçastoklarynda bolmaga kimler hukukly?

Saýlawlaryň aýanlyk işleriniň çäklerinde, uçastok saýlaw topary tarapyndan saýlaw uçastogynyň ses berilýän jaýynda synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, dalaşgärler, ynanylan adamlar üçin ýer taýýarlanylyp goýulýar.

Saýlaw uçastogynda bolmaga hukugy bolan synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki adamlar üçin ýerler taýýarlanylanda, olar oturan ýerlerinde saýlawçylaryň saýlaw býulletenini almak, kabina girip ses bermek, býulleteni saýlaw gutusyna atmak hereketlerini doly derejede synlap bilerler ýaly ýagdaýlar döredilýär.

Saýlaw uçastoklaryny sanlaşdyrmak babatynda nähili işler amala aşyrylýar?

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlarda milli Liderimiziň gönüden-göni ýardam bermeginde, Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynyň onlarçasynda ýörite wideo kameralar gurnalyp, saýlawçylaryň ses berişleriniň online düzgüninde internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly saýtynda ilata görkezilmegi bu ugurda örän oňyn tejribe boldy.

Geljekde saýlaw uçastoklaryny sanlaşdyrmak işlerini has giň gerimde dowam etdirmek göz öňünde tutulýar.

Munuň özi saýlawlaryň aýanlyk şertleriniň üpjün edilmegine giň mümkinçilikleri döretmek bilen, Türkmenistan döwletimiziň syýasy durmuşynda dünýäde ykrar edilýän hem-de raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen demokratik ýoly saýlap alandygyny äşgär edýär.

 

Berdimyrat Garýagdyýew,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.