TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

HALKARA BITARAPLYK GÜNI

Biziň ýurdumyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy. 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy» rezolýusiýasy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolup geçen 71-nji mejlisinde bolsa, her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky rezolýusiýasy kabul edildi.

Bitaraplygyň türkmen nusgasy sebitde durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de özara hormat goýmak esasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm ýagdaýy bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasaty, ilkinji nobatda, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlygyň hem-de parahatçylygy üpjün etmegiň nusgasydyr.  Şoňa görä-de hormatly Prezidentimiz “Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr” diýip  belleýär.

Hemişelik Bitarap ata Watanymyz sebitde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe boldy. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ýöretmegi netijesinde sebitiň halklarynyň dostlukly gatnaşyklary ösüşiň täze derejelerine göterildi. Şunda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň  alyp barýan içeri we daşary syýasatyna örän uly orun degişlidir.

Umuman, Türkmenistan döwleti Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirip, parahatçylygyň we ylalaşygyň bähbidine halkara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşandyny goşýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň zähmetsöýer halkyny her ýylyň 12-nji dekabrynda giňden  bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýarys!