TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

TÜRKMEN HALYSY – HALKYMYZYŇ HAZYNASY

Hormatly Prezidentimiziň iňňän pähim-parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda beýik zähmet ýeňişlerine, şan-şöhrata beslenen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň her bir güni şatlykly wakalary, rowaçlyklary taryhyň sahypalaryna ýazýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli pudaklarda uly ösüşler gazanylýar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda agzybirlikde, jebislikde öňe, diňe öňe, has bagtyýar günleriň gujagyna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň zähmetsöýer, merdana halkynyň Zemin içre meşhurlygy has-da artýar. Gözel Diýarymyzda toýlarymyz-toýlara ulaşýar.

Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýleki toý-baýramlar bilen bir hatarda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli mirasymyz we dünýäniň gözelligi bolan halyçylyk sungatymyzy ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Türkmeniň halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. Halk arasynda «El hünäri il gezer» diýlişi ýaly, türkmen halysy asyrlardan-asyrlara aşyp, häzirki bagtyýar zamanamyzda  aýal-gyzlarymyz  tarapyndan  sünnälenilip dokalýan inçe sungatymyz bolmak bilen öz nepisligi, tebigy owadan öwüşginliligi bilen  tapawutlanýar.

Göreni haýrana goýýan türkmen halylarynyň özüniň gaýtalanmajak  gözelligi, berkligi  we  ýokary  hilliligi  bilen  Oguz  han  türkmeniň  döwründen  bäri  bütin  dünýäde  meşhurlyga  eýedigini buýsanç bilen nygtamak gerek. Bu  jadyly güýje eýe bolan nepis halylarda  halkymyzyň  geçmişi  janlanýar, onuň  geljege  bolan  ýagty  umytlary, gelin-gyzlarymyzyň mähribanlygy, ussatlygy şöhlelenýär. Şöhratly taryhymyzyň  gatlaryndan  gözbaş  alyp  gaýdýan  kämil halyçylyk  sungatymyz  dünýä  ýüzüniň  alymlarydyr syýahatçylaryny, sungatşynaslaryny hem içgin gyzyklandyrýar.

Halk içinde biziň halylarymyz barada ençeme rowaýatlar, aýdymlar, goşgular, nakyllar, umuman, dürli görnüşli eserler giňden ýaýrandyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň dokmaçylygyň täsin däplerini, türkmen halylarynyň gözelligini wasp edýän «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly eserleri-de milli halyçylyk sungatynyň gadymy däplerini wagyz etmek işine uly goşant bolup hyzmat edýär. Bu dürdäne eserler daşary ýurtly okyjylara beýik sungatyň we maddy medeniýetiň baý gory hökmünde türkmen el halyçylygyna bolan düýpgöter täze garaýşy açdy. Arkadag Prezidentimiziň «Janly rowaýat» atly ajaýyp kitabyndaky:  «Biziň döwletimiziň ýene-de bir genji-hazynasy taýsyz çeper eserler bilen deňleşdirilen ajaýyp halylarymyzdyr» diýen parasatly jümleler türkmen halyçylyk sungatyna berlen mynasyp bahadyr.

Milli Liderimiziň paýhas çeşmesinden elenip ýazylan bu gymmatly eserleri sungaty öwreniji alymlar, ýazyjylar, halyşynaslar üçin esasy gollanma bolup hyzmat edýär. Dünýäniň ençeme halklarynyň diline terjime edilen bu ylmy-barlag işleri örän köp ýurtlarda halylarymyza sarpa goýýanlaryň we halyçy ussatlarymyzyň zehinini ykrar edýänleriň sanyny artdyrdy. Haly gölleri ösüşiň uzak ýoluny geçmek, halkyň ruhy özboluşlylygynyň we beýik baý taryhy-medeni mirasynyň çeper beýany bolmak bilen, häzirkizaman türkmen döwletinde jemgyýeti jebisleşdiriji nyşanlaryň birine öwrüldi. Özüniň keşbine asyrlaryň syrlaryny gözellik bilen siňdiren haly gölleri ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny bezeýär, binagärçilik bezeginiň aýrylmaz düzümi bolup durýar. Türkmen halysy türkmen ruhunyň joşgunly çeşmesinden, halkyň görkana gelin-gyzlarynyň kalbyndaky ylahy mähirden, ýüregindäki nuranalykdan dörän sungatdyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Paýhas çeşmesi» atly kitabynda haly, kilim ýaly haly görnüşleriniň nakyllarda ulanylmagy bizi diýseň begendirýär. Muňa mysal hökmünde: «At – ýigidiň diregi, haly – gyzyň ýüregi», «Haly ýüwürdip, kilim kesme» ýaly nakyllary görkezmek bolar. Türkmen gelin-gyzlary öz ýürek arzuwlaryny hala ussatlyk, inçelik bilen siňdiripdirler. Olar tebigatyň gözel görküni, ymgyr çölüni, dag-düzüni, ýaýlasyny, tebigatda bar bolan ähli reňkleri nagyşlar bilen halylara siňdiripdirler. Şeýle hem, alym Arkadagymyz «Janly rowaýat» atly kitabynda bu reňkler barada şeýle belleýär: «Gyzyl – ömrüň reňki, gök – asman we suw, ak – hakykatyň we danalygyň alamaty, sary – kämillik, ýaşyl – ýaşlyk we ýaz. Şeýlelikde, köp reňkli keşde-nagyşlarda, many-mazmunynda, çeper çözgütleri saýlap tapmakda deňi-taýy bolmadyk özboluşly dürli reňkler emele gelýär. Bu çözgütleriň dürlüligi sanardan köp, olaryň biri köşeşdirýär, biri synçylygy oýarýar. Başga birlerinde owaz, toý-baýram, dabara, üçünji birleri bolsa bilesigelijiligi, göz öňüne getirmeleri güýçlendirýän köpmanyly çözgütlerdir». Gelin-gyzlarymyzyň gözel halylarymyzy wasp edişi halk döredijiligimize-de siňipdir. Olar lälelerde, hüwdülerde, monjugatdylarda, matallarda, tapmaçalarda, nakyllardyr atalar sözünde öz beýanyny tapypdyr.

Milli Liderimiziň: «Türkmen aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy – bular biziň milletimiziň döreden maddy gymmatlyklarynyň esasylary we göze dürtülip duranlarydyr» diýip belleýşi ýaly, nepis halylarymyz biziň milli buýsanjymyzdyr. Türkmeniň halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr, çünki, haly halkymyzyň ruhunda ýaşaýar.

Ata-babalarymyzyň döreden mukamlary owaz bolup lezzet berýän bolsa, ene-mamalarymyzyň döreden halylary nagyşly sungat eseri bolup kalbyňa teselli berýär, ony synladygyňça synlasyň gelýär, ýüregiň aram tapýar. Täsin gudratly güýji özünde jemleýän bu el hünärinde milliligiň, nepisligiň, halallygyň, mukaddesligiň keşbi görünýär. Halylar türkmen halkynyň ykbaly, ömür ýoly diýsek hem hakykatdan daş düşmesek gerek, sebäbi diýeniňde türkmenlerde täze doglan çagany getirip, ilki bilen türkmen halysynyň üstünde ýatyrýarlar, dünýe bilen hoşlaşan adamyny hem iň soňky ýoluna hala dolap ugradýarlar.     

Halylarymyzyň deňsiz-taýsyz ajaýyp gözelligini synlanyňda, biziň pederlerimiziň ençeme döwletleri gurandygyny, bu halylaryň bolsa şol döwletleriň köşgi-eýwanlarynyň ýaraşygy bolandygyny syzmak bolýar.

Mähriban  Prezidentimiz türkmen halylarynyň abraýyny mundan beýläk-de belende göterip, dowamat-dowam etdirilmegi ugrunda, halaçylyk sungatyny ösdürmekde iňňän bimöçber tagallalary edýär.

Has takygy, 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisi geçirildi.

Şol mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudraty bilen döredilen nepis halylaryň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Mähriban Prezidentimiziň başlangyjy esasynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen halysynyň milli muzeýiniň kaşaň binasynyň gurulmagy hem biziň ýurdumyzda milli mirasymyz bolan halyçylyk sungatyna uly hormat goýulýandygyny äşgär edýär. Bu muzeý bolsa ruhy we maddy medeniýetiň ojagydyr, ýüzlerçe gymmat bahaly haly eserleriniň hazynasydyr.

Diýarymyzda halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Haly we haly önümlerine halkymyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň islegleri gün-günden artýar. Hormatly Arkadagymyz bu ugurda uly tagallalary edýär we bu ajaýyp nepisligiň dünýä äşgär bolmagy üçin giň mümkinçilikleri, ähli şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk-de has belende göterilsin, bedew bady bilen öňe barýan döwletimiz gülläp össün!                                                          

Goý parahat, asuda Diýarymyzy täze üstünliklere beslän, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda-da türkmen halyçylarynyň daraklarynyň sesi, goý, batly ýaňlansyn!

Türkmen halysynyň baýramy gutly bolsun, eziz watandaşlar!

                                                            

Ogulnyýaz Mämmetnurowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň esasy hünämeni.