TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI

Çagalary goramagyň halkara güni bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrülen Watanymyzda hem her ýylyň tomus paslynyň ilkinji gününde giňden bellenilýär. Berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimiz bolan bagtyýar çagalaryň bu baýramy «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem örän ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilýär. Mähirli, şadyýan, göwnaçyk nesillerimiziň ajaýyp Watanymyza, mukaddes topragymyza, joşgunly zähmet çekýän zähmetsöýer halkymyza bolan beýik söýgüsi her bir  türkmenistanly üçin diýseň  guwandyryjydyr we buýsançlydyr. 

Pähim-parasatly, sagdyn bedenli, arassa ahlakly, edep-ekramly, kesp-hünärli nesilleri terbiýelemekde biziň halkymyz özboluşly  kämil ýörelgeleri, öwüt-ündewleri, maşgala gymmatlyklaryny döredipdir. Bu özboluşly gymmatly miras häzirki döwürde-de milli terbiýäniň möhüm binýady bolup durýar. Diýarymyzyň  ähli ýerlerinde döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň, bedenterbiýe-sagaldyş, seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, şeýle hem çagalarymyzyň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşiniň  üpjün edilmegi şol milli terbiýäniň kämil derejelere göterilendiginiň alamatydyr.

Biziň döwletimiziň binýatlaýyn halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine, şol sanda Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşulmagy bolsa, Türkmenistan Diýarymyzyň dünýä bilen deň gadam urýandygyndan nyşandyr.

Biziň ýurdumyzda 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasynyň agzasy hökmünde çagalaryň saglygyny goramak, olara ýokary hilli bilim bermek, geljekki nesilleri durmuş taýdan goramak babatda örän netijeli hyzmatdaşlyk  ýola goýuldy. Türkmenistanda  çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwlet derejesinde elmydama yzygiderli alada edilýär. Çagalary goramagyň halkara gününde gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, uly üstünlikleri arzuw edýäris.