TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda yglan eden Bütindünýä welosiped güni ýurdumyzda parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan sport baýramy hökmünde  bellenilip geçilýär. Ajaýyp tomus paslynda, ýagny 3-nji iýunda bellenilýän  Bütindünýä welosiped güni türkmen raýatlarynyň  kalbynda mukaddes  Watana, milletiň Liderine bolan beýik söýgini, hormaty has-da artdyrýar.    Bütindünýä welosiped gününde biziň  ýurdumyzda her ýyl medeni-jemgyýetçilik, bedenterbiýe-sport mazmunly çäreler, welosipedli ýaryşlar, ýörite sergilerdir döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Bu çäreler bolsa raýatlarymyzyň kalplaryna egsilmez şatlyk hem-de joşgun paýlaýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwrebap sport desgalary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk-sport toplumlary, sport meýdançalary yzygiderli gurulýar. Şonuň bilen birlikde-de  ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen welosiped sportunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Mysal üçin, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde sportuň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge doly laýyk gelýän hem-de Halkara welosipedçiler  bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Welotrek sport binasy guruldy we ol häzir üstünlikli hereket edýär. Paýtagtymyzda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ýadygärlik hem gurulýar. Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap sport desgalarynda ýakyn ýyllarda ýene-de iki sany iri halkara sport ýaryşyny — sambo hem-de welotrek boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Welosiped sporty ýurdumyzda köpçülikleýin ýaýbaňlandyrylyp, welosipedli gezelenç etmek täsirli dynç alyş bilen utgaşdyrylýar. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän watandaşlarymyzyň  sportuň bu görnüşine bolan höwesiniň barha ýokarlanmagyna oňyn täsir  edýär.

Türkmenistanda sporty ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler halkymyzyň ertirleriniň abadanlygynyň we bagtyýarlygynyň berk binýadydyr.