TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI

Türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň baýramy saýylýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni  jemgyýetde milli jebisligiň, rowaçlygyň,  berkararlygyň  uly ähmiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda beýan edilen belent arzuwlaryň hasyl bolan günlerinde ýaşaýar.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda iýun aýynyň 27-sinde bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni 22-27-nji iýun aralygynda  Daşoguz welaýatynda uly şatlyk-şowhun bilen geçiriljek Medeniýet hepdeligi bilen utgaşýar.   Munuň özi türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ajaýyp bitewüliginden, mäkäm sazlaşygyndan nyşandyr.

Bitarap Türkmenistanda soňky ýyllarda medeniýet ulgamyny has-da ösdürmek we ony kämilleşdirmek, şeýle-de bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini, döredijilik başarnyklaryny ýokarlandyrmak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ýylda hem syýasy, ykdysady, medeni ulgamda belent üstünliklere ýetilip, ähli ugurlar boýunça uly zähmet üstünlikleri gazanylýar.  Şu günki Türkmenistanda medeniýetiň we sungatyň hem-de edebiýatyň gülläp ösmegi üçin ähli zerur şertler, giň mümkinçilikler döredilendir. Hut şonuň üçin-de biziň ýurdumyzda halkara derejesinde dürli mazmunly döredijilik çärelerini, medeniýet günlerini, medeniýet hepdeliklerini, festiwallardyr sergileri, konsertleri geçirmek özboluşly däbe öwrülip gitdi. Munuň özi ata Watanymyzyň dünýä döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine uly goşantdyr.

Häzirki döwre çenli Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýäniň otuzdan gowrak döwletinde aýratyn kitap hökmünde neşir edildi. Bu kitaplar ynsanperwerligiň, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň ajaýyp köprüsiniň emele gelmegini üpjün etdi.  

Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhaslar dünýäsi ýurdumyzyň ähli döredijilik işgärleri üçin kämil halypalyk mekdebi bolup durýar.  Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde türkmen halkynyň şöhratly taryhy bilen baý medeni mirasynyň bozulmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyrylar. Bu  çäreler bolsa, halkymyzyň agzybirliginiň mundan beýläk-de has berkemegini, jemgyýetimizde höküm sürýän sazlaşygyň öňküden-de pugtalanmagyny üpjün eder.