TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

JEMGYÝETÇILIK-SYÝASY ÇÄRE – DEMOKRATIK ÝÖRELGELERIŇ ESASYNDA

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda döwletiň demokratik esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetiniň ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Demokratik özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyrýan, dünýä tejribesini demokratiýanyň milli nusgasyna ornaşdyrmak arkaly ösüşe we kämillige badalga berýän ählihalk saýlawlary giň bäsleşik esasynda geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz özüniň çykyşlarynda ir döwürlerde demokratik sütünlere esaslanyp, hanlaryň, kethudalaryň, arçynlaryň, miraplaryň deňhukuklylyk we açyklyk ýörelgelerinde, bäsleşik esasynda saýlanylandyklaryny belleýär. Türkmen halkynyň şol gadymdan gelýän däpleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam edýär.

Saýlamak we saýlanmak – döwletiň raýatlarynyň iň wajyp syýasy hukuklarynyň biri bolup, jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy şertidir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryndan başga-da, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolan Geňeşler ýaly gurluşlaryň halk wekillerine ýurdumyzyň demokratik ýörelgelere daýanýan syýasy ulgamynda aýratyn orun berilýär. Olaryň düzümine jemgyýetiň has mynasyp, durmuş taýdan işjeň agzalary saýlanýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda kabul eden Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny 2018-nji ýylyň 25-nji martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.

Bu saýlawlaryň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar (mundan beýläk – Merkezi saýlaw topary) tarapyndan degişli işler alnyp baryldy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan saýlaw möwsüminiň 2017-nji ýylyň 4-nji dekabryndan başlanýandygy yglan edildi hem-de saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Saýlaw möwsüminiň dowamynda ähli meýilleşdirilen guramaçylyk işler ulgamlaýyn we dürs amala aşyryldy.

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça – 125, welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça – 240, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça – 1200, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 5900 saýlaw okruglary döredildi.

Saýlawlarda ses bermegi geçirmekde saýlaw uçastoklarynyň 2604-si, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda 39 saýlaw uçastogy döredildi. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň aýanlyk şertlerini giň gerimde üpjün etmek maksady bilen, saýlaw okruglary we uçastoklary baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Şu saýlawlarda ilkinji gezek Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky saýlaw uçastoklarynyň onlarçasynda ýörite kameralar gurnalyp, saýlawçylaryň ses berişleri onlaýn görnüşinde Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm saýtynda görkezildi.

Saýlawlary kanunalaýyk we ýokary guramaçylykly derejede geçirmek maksady bilen, “Welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlary üçin gollanma”, “Etrap, şäher saýlaw toparlary üçin gollanma”, “Okrug saýlaw toparlary üçin gollanma”, “Etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlary üçin gollanma”, “Uçastok saýlaw toparlary üçin gollanma”, “Dalaşgär hödürlemek boýunça gollanma” hem-de “Milli synçylar üçin ýatlama”, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ýatlama”, “Dalaşgärler üçin ýatlama”, “Dalaşgärleriň ynanylan adamlary üçin ýatlama”, “Daşary ýurt (halkara) synçylary üçin ýatlama” atly kitapçalar, mundan başga-da beýleki resminamalar işlenip taýýarlanyldy we çap edildi. Ahli derejedäki saýlaw toparlary bu gollanmalar, ýatlamalar, düzgünnamalar bilen üpjün edildi.

Saýlaw toparlarynyň agzalaryna, milli we halkara synçylaryna, dalaşgärlere gowşurylan şahsyýetnamalar, saýlaw resminamalary we beýleki zerur bolan maddy-enjamlaýyn serişdeleriň hemmesi merkezleşdirilen görnüşde Merkezi saýlaw toparynyň edarasy tarapyndan üpjün edildi.

Merkezi saýlaw toparynyň guramagynda we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmagynda saýlawlar boýunça welaýat, etrap, şäher, okrug, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary hem-de milli synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda tapgyrlaýyn usuly okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatlarynda saýlaw toparlarynyň wezipeleri we ygtyýarlyklary, işiň tertibi we ş.m. giňişleýin düşündirildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna – 284, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna – 489, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna – 2570, Geňeşleriň agzalygyna 13215 dalaşgär hödürlenildi we degişli saýlaw toparlarynda bellige alyndy.

Şeýlelikde, saýlaw toparlarynda bellige alnan dalaşgärleriň umumy sany 16558-e deň boldy, şolardan 6128-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 964-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 3255-si Türkmenistanyň Agrar partiýasy we 6211-si bolsa raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenildi.

Bellige alnan dalaşgärleriň hemmesine kanunçylyga laýyklykda, wagyz-nesihat işlerini geçirmek üçin deň şertler döredildi. Dalaşgärlere teleýaýlymlarda çykyş etmek üçin deň möçberde wagt bölünip berildi. Olaryň suratly terjimehallary “Türkmenistan”, “Нейтральный Туркменистан” we ýerli gazetlerde, şeýle hem plakat görnüşinde çap edilip, dolulygyna halka ýetirildi. Olaryň ählisi deň şertlerde saýlawçylar bilen duşuşyp, öz maksatnamalaryny tanyşdyrdylar we sowallara jogap berdiler.

Şonuň bilen birlikde, saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, saýlawlarda ses bermegiň tertibini düşündirýän wideo-rolikleriň 10-sy taýýarlanyp, telewideniýe we radio ýaýlymlarynda halk köpçüligine ýetirildi.

Saýlawlara taýýarlyk işleriniň barşy barada köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin we yzygiderli beýan edildi. Saýlaw kanunçylygy hakynda, bäsleşiklik, açyklyk we aýanlyk ýaly esasy demokratik ýörelgeler hakynda, şeýle hem saýlawçylaryň hukuklary hakynda telegepleşiklerde yzygiderli söhbetdeşlikler guraldy.

Saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynyň ählisinde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanyp, saýlawlar ýurduň şanly günlerinde türkmen halkyna mahsus bolan toýdabara bilen başlandy hem-de medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna beslendi.

Ir sagat 7.00-dan agşam 19.00-a çenli aralykda saýlaw uçastoklarynyň 2604-sinde, saýlaw okruglarynyň 7465-sinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirildi.

Milli kanunçylyga laýyklykda, türkmen halkyna mahsus bolan milli demokratik ýörelgelerimizden ugur alnyp, ýurdumyzda saýlawlar ählumumy, deň we göni ses bermegiň ýörelgeleri, bäsleşik esasynda, gizlin ses bermekde geçirildi. Saýlawlaryň aýanlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlaryň toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 4072-si degişli welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynda bellige alnyp, olar saýlawlaryň geçirilişine syn etdiler.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlara Birleşen Milletler Guramasyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Belarus, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Gyrgyz Respublikalaryndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň Parlamentara Gatnaşyklary Assambleýasyndan, Russiýa we Belarus Bileleşiginiň Parlament Ýygnagyndan we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinden, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstriýadan, Hindistan Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýran Yslam Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan halkara synçylary, garaşsyz synçylar saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişi, taýýarlyk işleri we ses bermegiň barşy bilen tanyşmak üçin Türkmenistana geldiler.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan gelen synçylar toparlarynyň baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen metbugat maslahatlarynda saýlawlaryň açyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny aýtdylar.

Şunuň bilen, saýlawlar saýlawçylaryň öz erk-isleglerini erkin beýan etmekleri üçin şertleri döredýän kanunçylyga laýyklykda, umumy ykrar edilen demokratik esaslarda we ýokary guramaçylykly geçirildi. Halkara we garaşsyz synçylar toparlarynyň agzalary (142 synçy) Türkmenistanda bolan mahalynda, saýlaw kanunçylygynyň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilýän işler bilen tanyşmaga, saýlaw toparlarynyň agzalary, dalaşgärler, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, raýatlaryň toparlary, dalaşgärleriň ynanylan adamlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmäge mümkinçilik aldylar. Umuman, synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda saýlawlaryň guramaçylykly, demokratik ýörelgelere laýyklykda we bäsleşik esasynda geçirilendigini bellediler. Halkara synçylar saýlawçylaryň saýlawlara işjeň gatnaşandyklaryny aýratyn belläp geçdiler.

“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda geçirilen saýlawlara gatnaşan halkara synçylar döwletimiziň taryhy-medeni ýadygärlikleri, muzeýleri we ajaýyp gözel ýerleri bilen-de tanyşdylar, Türkmenistanyň baý taryhynyň we medeniýetiniň aýawly saklanylmagyna buýsanjyny beýan etdiler, şeýle hem paýtagtymyzyň milli äheňli owadan keşbine ýokary baha berdiler.

2018-nji ýylyň saýlawlarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynda häkimiýetiň dört wekilçilikli edarasyna bir günde we syýasy partiýalaryň üçüsiniň hem-de raýatlaryň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilendigi bilen tapawutlanýandygyny belläp geçmek ýerliklidir. Munuň özi ýurdumyzyň saýlawlara köp partiýalylyk esasda gatnaşmak babatda halk häkimiýetliliginiň berjaý edilmeginiň demokratik ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýar. Bu saýlawlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ykrar edilýän syýasy köpdürlüligiň, syýasy bäsleşigiň giň gerimi emele geldi. Munuň şeýledigini dört derejeli saýlawlar boýunça jemi 16558 dalaşgäriň hödürlenilendiginden, olardan 7465 adamyň saýlanylandygyndan göz ýetirmek bolýar.

Saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly ähli çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirildi.

Watanymyzyň ykbalyny we geljegini kesgitleýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä – Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna saýlaw hukugy bolan her bir raýatyň işjeň ses bermäge gatnaşmagy halkymyzyň däp bolan agzybirlik, jebislik we watansöýüjilik ýörelgeleriniň ýene-de bir ýola dabaralanmasy boldy.

2018-nji ýylyň 28-nji martynda Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirilip, saýlawlaryň ýurdumyz boýunça netijeleri jemlenildi. Bu saýlawlarda Türkmenistan boýunça hasaba alnan 3291525 saýlawçydan 3019957-si ses berip, 91,75% gatnaşyk boldy. Şol sanda:

  • Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň Ahal welaýatyndan 92,04%-i, Balkan welaýatyndan 91,84%-i, Daşoguz welaýatyndan 91,75%-i, Lebap welaýatyndan 91,73%-i, Mary welaýatyndan 91,64%-i, Aşgabat şäherinden 91,64%-i ses berdi.
  • welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň Ahal welaýatyndan 92,04%-i, Balkan welaýatyndan 91,84%-i, Daşoguz welaýatyndan 91,75%-i, Lebap welaýatyndan 91,73%-i, Mary welaýatyndan 91,64%-i, Aşgabat şäherinden 91,63%-i ses berdi. Türkmenistan boýunça hasaba alnan 3271524 saýlawçydan 3001595-si ses berip, 91,75% gatnaşyk boldy.
  • Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň Ahal welaýatyndan 91,95%-i, Balkan welaýatyndan 91,78%-i, Daşoguz welaýatyndan 91,62%-i, Lebap welaýatyndan 91,66%-i, Mary welaýatyndan 91,57%-i ses berdi. Türkmenistan boýunça hasaba alnan 2314679 saýlawçydan 2122050-si ses berip, 91,68% gatnaşyk boldy.

Şeýlelikde, ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamalara laýyklykda, ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 125-si (şolaryň 24,80%-i zenanlar), welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň 240-sy (şolaryň 20,42%-i zenanlar), etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň 1200-si (şolaryň 26%-i zenanlar), Geňeşleriň agzalarynyň 5900-si (şolaryň 22,05%-i zenanlar) saýlanyldy.

Wekilçilikli edaralaryň dördüsi boýunça jemi 7465 adam saýlanyldy, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 3257, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 352, Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 1358 we raýatlaryň toparlaryndan 2498 adam saýlanyldy.

Saýlanylan deputatlaryň, agzalaryň arasynda dürli milletleriň wekilleriniň bolmagy Türkmenistanyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny, halkymyzyň parahatçylykda we agzybirlikde ýaşaýandygyny görkezýär.

Kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlanylan deputatlary, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň saýlanylan agzalary saýlaw toparlary tarapyndan bellige alnyp, olara şahsyýetnamalar gowşuryldy. Saýlanylanlar baradaky maglumatlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly giň jemgyýetçilige ýetirildi.

Geçirilen saýlawlar ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň demokratik ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä jar etdi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda demokratiýanyň has-da kämilleşýändigini, türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň pugtalanýandygyny, türkmen halkynyň milli Liderimiziň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli, adyl syýasatyny doly goldaýandygyny ýene bir gezek aýdyň subut etdi.

 

Allaberdi USSAÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky

Merkezi toparyň başlygynyň orunbasary