TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SAÝLAWLARY, 2017-NJI ÝYLYŇ 12-NJI FEWRALY

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary – 2017: jemler, sanlar

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky  karary esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.

Saýlaw möwsümi 2016-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda başlandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýurdumyz boýunça bir saýlaw okrugy döredildi.

Saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin, saýlaw uçastoklarynyň jemi 2587-si döredildi, şol sanda:

  • Ahal welaýatynda 364-si;
  • Balkan welaýatynda 272-si;
  • Daşoguz welaýatynda 518-si;
  • Lebap welaýatynda 558-si;
  • Mary welaýatynda 544-si;
  • Aşgabat şäherinde 292-si;   
  • Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda 39-sy döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary  dünýäniň we ýurdumyzyň jemgyýetçiliginiň synçy nazarynda boldy.

Ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan hödürlenilen milli synçylaryň  3223-si, şol sanda:

  • Ahal welaýatynda 472-si;
  • Balkan welaýatynda 374-si;
  • Daşoguz welaýatynda 617-si;
  • Lebap welaýatynda 709-sy;
  • Mary welaýatynda 668-si;
  • Aşgabat şäherinde 383-si Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy  we saýlawlaryň geçişini synlady. 

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň sany:

  • Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan  610;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler  partiýasyndan 336;  
  • Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan  407;
  • Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan  687;
  • Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden  279;
  • Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 509;
  • Raýatlar toparlaryndan  321;
  • Dalaşgärler tarapyndan bolsa 74 milli synçy bellenildi.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylar saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna syn etdiler.

Saýlawlaryň geçirilişine halkara synçylarynyň 154-si syn etdi. 

Saýlawlaryň geçirilişine:

  • Birleşen Milletler Guramasynyň;
  • Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň;
  • Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň  Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň;
  • Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň;
  • Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň;
  • Şeýle-de daşary ýurt döwletlerinden – Türkiýe Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan,  Hytaý Halk Respublikasyndan,  Koreýadan, Hindistan Respublikasyndan, Ýaponiýadan,  Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstriýadan halkara we garaşsyz synçylary syn etdiler.

Milli synçylaryň  47,41 %  göterimi  zenanlardyr.

Milli synçylaryň  51,07 %  ýokary, 35,71 %  ýörite orta, 13,22 % orta bilimli adamlardyr.

Ýaşlary boýunça milli synçylaryň 29,44 %  30 ýaşa çenli, 25,38 % 30-dan 40 ýaşa çenli, 24,05 % 40-dan 50 ýaşa çenli, 21,13 %  50 ýaşdan uly adamlardyr.

Merkezi saýlaw topary tarapyndan:

Gollanmalaryň, ýatlamalaryň 8-si;

Düzgünnamalaryň 7-si taýýarlanyldy.

Olaryň birnäçesi 2 dilde, birnäçesi bolsa 3 dilde  neşir edildi we degişlilikde saýlaw toparlaryna iberildi.

Ses bermegiň tertibini düşündirýän wideorolikleriň 15-si taýýarlanyldy we teleradioýaýlymlar arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary barada ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde:

teleradiogepleşikleriň 374-si;

makalalaryň we habarlaryň, çykyşlaryň 625-si  halk köpçüligine ýetirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçişini beýan etmek boýunça daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 38-si Aşgabat şäherinde işledi.

Dalaşgärleri hödürlemek 2016-njy  ýylyň 14-nji dekabrynda başlandy we 2017-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda tamamlandy.

Dalaşgärleri bellige almak 2016-njy ýylyň dekabr aýynyň 24-inde başlandy we 2017-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda tamamlandy.  

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň 9-sy Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler  partiýasyndan  Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew;

Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow;  

Şeýle-de, saýlawçylaryň gollaryny ýygnamaga hukukly raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan:

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Kowusowiç Annanepesow;

Ahal welaýatynyň baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilow;

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesow;

Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow;

Seýdiniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ramazan Mustapakulyýewiç Durdyýew;

Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew. 

Şeýlelikde,  syýasy   partiýalar   tarapyndan dalaşgärleriň  3-si, raýatlaryň teklipçi  toparlary  tarapyndan dalaşgärleriň 6-sy bellige alyndy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda bir orun üçin dokuz dalaşgär bäsleşdi.  

Saýlawlarda saýlaw býulletenleriniň iki görnüşi:

1.adaty býulleten;

2.görüş ukyby pes bolan, çala görýän saýlaw hukukly raýatlarymyz üçin ýörite (braýl harplarynda) saýlaw býulleteni taýýarlanyldy.

Saýlawlar gününden öň ses bermek 2017-nji ýylyň 2-11-nji fewraly aralygynda geçirildi we 232.842 saýlawçy ýa-da saýlawçylaryň 7,16 göterimi  ses berdi.

Saýlaw  uçastoklarynda ses bermek sagat 7-den 19-a çenli geçirildi.

Ýurdumyzyň çäklerinde hasaba alnan 3.252.243 saýlawçydan 3.163.692 saýlawçy ýa-da saýlawçylaryň 97,28 göterimi  ses bermäge gatnaşdy. Has takygy:

09-00-da  840143,   25,83 %;

11-00-da  1679271,  51,63 %;

13-00-da  2425730,  74,59 %;

15-00-da  2828230,  86,96 %;

17-00-da  3063110,   94,18 %;

19-00-da  3163692,   97,28 % göterim saýlawçy ses berdi.

Daşary ýurtlarda saýlawçylaryň 23377-si hasaba alnyp, şolardan 22827-si ses berdi.

Saýlawlarda 18 ýaşy dolan (ilkinji gezek ses berýän) ýaş saýlawçylaryň 71685-si;

Ses berilýän jaýdan daşarda (saglyk ýagdaýy sebäpli) ses bermäge gatnaşjak saýlawçylaryň 13753-si hasaba alyndy.

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň netijeleri boýunça:

Annanepesow Maksat Kowusowiç 1,02 %;

Annaýew Jumanazar 0,21 %;

Atalyýew Bekmyrat Sähetmyradowiç 0,36 %;

Berdimuhamedow Gurbanguly Mälikgulyýewiç 97,69 %;

Durdyýew Ramazan Mustapakulyýewiç 0,15 %;

Gurbanow Meretdurdy Isgenderowiç 0,17 %;

Jelilow Serdar Begmuhammedowiç 0,25 %;

Nurnepesow Süleýmannepes Oraznepesowiç 0,09 %;

Orazow Durdygylyç 0,06 %.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýurdumyzyň saýlaw hukukly raýatlarynyň 3.163.692-siniň saýlawlara gatnaşyp, ses bermekleri netijesinde, saýlawçylaryň 97,69 %  sesini alan dalaşgär Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine  7 ýyl möhlet bilen saýlanyldy.

Saýlawlary guramaçylykly geçirmäge gatnaşan saýlaw toparlarynyň işjeň agzalarynyň sany 18 müňden gowrak adamdyr.

 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary
geçirmek baradaky merkezi topar.