TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

26 Mart

Halkara synçylary saýlawlaryň jemleri boýunça metbugat maslahatyny geçirdiler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilçilikli synçylar toparlaryndan düzülen halkara synçylaryň metbugat maslahaty boldy. Onda Mejlisiň deputatlaryna saýlawlara taýýarlyk işlerine we onuň geçirilişine guralan gözegçiligiň netijeleri beýan edildi. Maslahata milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar.

Wekilçilikli toparlaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümlerine hem-de Merkezi saýlaw toparyna döwletiň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem olar Türkmenistanda saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk we aýanlyk şertlerinde hem-de saýlawçylaryň ýokary işjeňliginde üstünlikli, guramaçylykly geçendigini nygtadylar. Metbugat maslahatyna gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, halkara synçylarynyň çagyrylmagy ýurdumyzyň bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary derejedäki aýanlygyny üpjün etmäge, saýlaw işleriniň açyklygyna gönükdirilen ýörelge hökmünde baha berilýär.

Bellenilişi ýaly, wekilçilikli toparyň beren bahasy saýlawlara görlen taýýarlygyň we onuň geçirilişiniň anyk beýanyny özünde jemleýär. Çykyş edenleriň pikirine görä, kabul edilen çözgütler we netijeler milli saýlaw kanunçylygyna, anyk gözegçilige we wekilçilikli toparyň agzalarynyň ýurdumyzda bolan mahaly toplan degişli maglumatlaryna esaslanýar.

Synçylar öz işlerinde bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine, içki işlere gatyşmazlyk ugurlaryna, döwlet kanunçylygynyň berjaý edilişine salgylanyp, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çärelere we saýlawlaryň guralyşyna hem-de geçirilişine baha berdiler. Şunda, milli saýlaw kanunçylygynyň soňky ýyllarda kämilleşdirilendigi bellenildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň demokratik saýlawlar babatda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýändigi hem-de saýlawçylaryň öz isleglerini erkin we açyk beýan edip bilmegini üpjün etmek üçin ygtybarly hukuk binýady bolup durýandygy nygtaldy.

Bu gezekki saýlaw işlerine ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsiniň wekilleriniň hem-de raýatlar toparynyň dalaşgärleriniň gatnaşandygyna aýratyn ähmiýet berildi.

Şeýle hem Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň, ähli derejedäki saýlaw toparlarynyň işine ýokary baha berildi, saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrynda hukuk hem-de maglumat üpjünçiliginiň sowatly alnyp barlandygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde saýlaw möwsüminiň demokratik derejesiniň barha ýokarlanýandygy aýratyn nygtaldy.

Wekilçilikli toparlaryň agzalary saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilen çäreleriň maglumat üpjünçiliginde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň möhüm orun eýeländigini bellediler.

Şeýle hem Türkmenistanda bu gezekki saýlawlaryň medeni kadalaryň berjaý edilmeginde we durnukly ýagdaýda geçendigi nygtaldy.

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...