TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

30 Mart

Mejlisiň täze deputatlar düzümine şahadatnamalar gowşuryldy

Örän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi. Şu gün metbugatda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminiň deputatlarynyň, ýerli ýerine ýetiriji we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň sanawlary çap edilýär. 

Parlamentiň täze deputatlar düzümi halkyň saýlan wekilleriniň 125-sinden ybaratdyr, olar ýakyn geljek bäş ýylyň dowamynda döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolan milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň kanunçylyk üpjünçiliginiň jogapkärli wezipelerini çözerler. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda milli parlamentiň saýlanan deputatlaryna şahadatnamalar gowşuryldy. Şu pursatdan başlap, olar ýurdumyzyň ýokary kanun çykaryjy edarasynda halkyň doly hukukly wekilleridir. Ýakyn günlerde degişli saýlaw toparlarynda halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň saýlanan agzalaryna şahadatnamalar gowşurylar. 

Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny kemala getirmek, iş ýüzünde ynsanperwerlik taglymlary hem-de milli maksatnamalaryň düzgünlerini berjaý etmek, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi biziň geçirýän syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Milli Liderimiziň bu sözleri häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň jebisligini açyp görkezen saýlaw möwsüminiň barşynda öz beýanyny tapdy. Açyklyk we aýanlyk, bäsdeşlik, hakyky demokratik ýagdaýda geçirilen saýlawlar gadymdan gelýän halk häkimiýetliliginiň ýörelgelerini artdyrmagyň ýolunda täze ädim boldy, türkmenler bäş müňýyllyk taryhynyň dowamynda bu ýörelgelere ygrarly bolup geldiler. 

Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň, şeýle hem raýatlar toparlarynyň dalaşgärleri görkezendiklerini ýatladýarys. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümde ähli dalaşgärlere deň mümkinçilikler üpjün edildi, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde erkin çykyş etmek mümkinçiligi döredildi. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüme gatnaşyjylar tarapyndan ägirt uly guramaçylyk işleri geçirildi, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere hem-de özüniň raýatlyk borjuna çuňňur düşünýändiklerini görkezen saýlawçylaryň ruhubelentlik ýagdaýynda guralan saýlawlaryň ýokary derejesi şol işleriň oňyn netijeleridir. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň düzümine giren deputatlaryň ýokary bilim we hünär derejesiniň bardygyny bellemek gerek, munuň özi ýurdumyzyň hemişelik hereket edýän ýokary kanun çykaryjy edarasyna iň mynasyp wekilleriň saýlanandygyny görkezýär. Olaryň hatarynda ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň öňdebaryjy hünärmenleri bar. Halkyň saýlan wekilleriniň köpüsiniň ýaşynyň 30-dan 50-ä çenlidigini bellemek ýakymlydyr, munuň özi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze nesliň goşulýandygynyň aýdyň mysalydyr. Deputatlar düzümine 31 zenan girýär, bu deputatlaryň umumy sanynyň 25 göterimidir. Bu görkeziji hem türkmen jemgyýetiniň durmuşynda aýal-gyzlaryň ornunyň barha pugtalanýandygynyň subutnamasydyr. 

Saýlaw möwsüminiň geçirilmeginiň ähli tapgyrlaryna 4 müňden gowrak milli synçynyň we halkara synçylaryň 142-siniň gözegçilik edendiklerini aýratyn bellemek gerek. 

Gözegçilikleriň netijeleri ses bermek çärelerine taýýarlyk görmegiň we ony guramagyň, şeýle hem ses bermegiň netijelerini jemlemegiň ýokary derejesini äşgär etdi.

30 Ýan
Saýlawlara taýýarlyk: okuw maslahatlary geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...

28 Ýan
Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...

26 Ýan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...