TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

06 Awg

Birinji Hazar ykdysady forumy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu  foruma daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz örän uly ähmiýetli waka hökmünde gyzyklanma bildirýärler. Çünki forumyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekdäki we artdyrmakdaky täsirli orny biçak uludyr. Onuň giň gerimliligi diňe bir Hazarýaka ýurtlarynyň däl, eýsem, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly ähmiýete eýe bolar.

Forumyň çäklerinde Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň orny, senagat, energetika, söwda, syýahatçylyk ulgamlaryna we beýleki pudaklara maýa goýumlaryny artdyrmak barada söhbetdeşlikler geçiriler. Munuň özi ýakyn we uzak geljegi nazara almak bilen, özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açar.

Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary, döwletleriň, işewür toparlaryň wekilleriniň gepleşiklerini geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, halkara maslahat, şeýle hem Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi geçiriler. Onda gatnaşyjy ýurtlaryň milli diwarlyklary bilen birlikde, nebitgaz, energetika we himiýa pudaklaryndaky öňdebaryjy çözgütler, önümçilik enjamlary, dürli senagat önümleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň kuwwaty görkeziler.

Mundan başga-da, forumyň çäklerinde dünýäde awtomobil gurluşygy babatda gazanylanlary şöhlelendirýän «Türkmen sährasy — 2019» halkara sergisi geçiriler. Onda täze ýeňil, ýolagçy, ýük awtoulaglary we ýörite tehnikalar görkeziler, awtomobil gurluşygy ulgamynda innowasion işläp taýýarlamalar, awtoaudio we wideo elektronikada iň täze ugurlar öz beýanyny tapar. Giň möçberli gözden geçiriliş foruma gatnaşyjylara işewür duşuşyklar, netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur şertleri döreder.

Şeýle-de bu  forumyň Hazarda we oňa ýanaşyk sebitlerde köpugurly hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berilmegine, maýa goýum işiniň işjeňleşdirilmegine, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, Ýewraziýada täze geoykdysady giňişligi kemala getirmekde Hazar deňziniň möhüm orun eýelemegine hem-de onuň iri halkara ulag-üstaşyr halkasyna öwrülmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir.

13 Noý
Türkmeniň hasyl toýy

1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” ýygnan türkmen pagtaçylary bereketli noýabrda pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, olar halkymy...

29 Okt
Uçastok saýlaw toparlary döredilýär

Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryny täze möhlete saýlamak işleri guramaçylykly dowam etdirilý...

18 Okt
Dünýä ýaň salan geňeşiň mejlisi

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Aşgabatda “Oguzkent” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşi...

09 Okt
Uçastok saýlaw toparlary täzeden döredilýär

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, 2019-njy ýylyň oktýabr-noýabr...

03 Okt
2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkar...

11 Sent
Sanlaşdyrmak boýunça halkara maslahaty

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň wekilleri 2019-njy ýylyň 6-8-nji sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Saýlaw işleriniň sanlaşdyrylmagy. Gumanitar ölçegler»...

16 Awg
Iň uly ekologiýa sapagy

Şu ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň hökümetiniň guramagynda täsin ekologiýa sapagy geçirildi. Üç müň töweregi adamyň gatnaşmagynda geçirilen bu örän uly tutumly ekologiýa sa...

06 Awg
Birinji Hazar ykdysady forumy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu  foruma daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz...