TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

10 Ýan

Şu ýylky saýlawlar 2007 we 2012-nji ýyllaryň Prezident saýlawlaryndan düýpli tapawutlanýar

Saýlawlar täze şertlerde we kämilleşdirilen hukuk giňişliginde geçirilýär. Mysal üçin, ilkinji gezek Prezident saýlawlaryna syýasy partiýalaryň üçüsi: Demokratik, Senagatçylar we telekeçiler hem-de Agrar partiýalary gatnaşýarlar. Täze hukuk giňişliginde geçirilýän häzirki saýlawlar Türkmenistanyň Saýlawlar kodeksinde kanun tarapyndan berkidilendir. Ol 2013-nji ýylda kabul edildi we umumy kabul edilen halkara kadalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Kodekse laýyklykda Türkmenistanda doglan, ýaşy 40-dan az bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky 15 ýylda ýurtda hemişelik ýaşaýan we işleýän raýat Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenip bilner. 

Saýlaw kodeksine laýyklykda dalaşgärlige hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň teklipçi toparyna degişlidir. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy 1991-nji ýylda, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy 2012-nji ýylň awgust aýynda , Agrar partiýa 2014-nji ýylyň senrýabr aýynda döredildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň sentýabrynda geçirilen Ýaşulylar geňeşiniň mejlisinde şu partiýalaryň bäsleşiginiň ýurduň syýasy durmuşyna täze röwüş berjekdigini, giň bäsdeşligi üpjün etjekdigini hem-de jemgyýetiň we her bir raýatyň syýasy medeniýetini ýokarlandyrmaga ýardam etjekgini, halkyň we häkimiýetiň jebisligini berkitjekdigini, demokratik düzümleri jebisleşdirjekdigini belledi. 

Partiýalaryň üçüsi-de Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri kesgitlediler: Demokratik partiýa häzirki döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy; Senagatçylar we telekeçiler partiýasy „Rysgal“ Täjirçilik paýdarlar bankynyň müdirýetiniň başlygy Begmyrat Atalyýewi; Agrar partiýa- partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowy hödürlediler. 

Saýlawlarda raýatlaryň teklipçiler toparlarynyň altysy döredildi. Olardan Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Kowusowiç Annanepesow; Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew; Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynyň direktory Remezan Mutapagulyýewiç Durdyýew; Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow; Ahal welaýatynyň ykdysadyýet we ösüş baş müdirliginiň başlygy Serdar Begmuhammedowiç Jelilow; „Garabogazsulfat“ ÖB-niň baş direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesow dagy Prezidentlige dalaşgärlige hödürlenildi. 

2012-nji ýylyň Prezident saýlawlarynda teklipçiler toparlarynyň dokuzysy saýlawlara gatnaşmaga isleg bildirdiler, emma olardan diňe iki topar öz dalaşgärini hödürlemek üçin zerur sesleri toplap bildiler. Häzirki saýlawlarda toparlaryň altysynyň hemmesine sesleriň zerur sanyny toplamak başartdy, bu bolsa türkmen jemgyýetiniň raýatlyk kämilligine, halkyň ýurduň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýanlygyna şaýatlyk edýär. 

Saýlawlary kämilleşdirmek üçin Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkez çareleriň geçirilmeli möhletini we zerur resminamalaryň sanawyny tassyklady. Saýlaw uçastoklarynyň 2586-sy döredildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryda saýlaw uçastoklarynyň 39-sy döredildi. 

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkeziň hünärmenleri etraplara we welaýatlara yzygiderli gidip, uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuwlar geçýärler. Alnyp barylýan işleriň iň möhüm şerti--maglumat üçpjünçiligidir, onuň işjeňligini Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkeziň ýörüteleşdirilen saýty üpjün edýär.

Irina YMAMGULYÝEWA

10 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Mälim boşy ýaly, 2024-nji ýylyň 8-9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Prezident Wlad...

08 Maý
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlandy

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary öz ýakynda geçiren mejlisinde Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetda...

02 Maý
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat.

1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy  Merkezi: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty Araçäkleri: Berkararlyk etrabynyň Gurbansoltan eje şaýolunyň S.Türkmenbaşy şa...

25 Apr
Saýlaw möwsümi yglan edildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde çykaran karary esasynda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýu...

22 Apr
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde çykaran karary bilen, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «B...

18 Apr
Ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy

Mälim boşy ýaly, 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary  welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Ol ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  gatnaşmagynda ýurdumy...

15 Apr
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen Saýlaw ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi nazarlaýan täze ugurlary

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmeni...

11 Apr
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri önümçilik tejribesinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýo...