TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

11 Ýan

Kanuny kepilligiň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümi dowam edýär. Döwlet Baştutanynyň wezipesine dokuz dalaşgär hödürlenildi. Olaryň üçüsi syýasy partiýalardan, altysy bolsa, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenildi. Merkezi saýlaw topary dalaşgärleriň ählisini bellige aldy we häzirki wagtda dalaşgärler saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirýärler. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi Amangeldi Gandymow «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň haýyşy boýunça saýlaw mowsüminiň esasy tapgyry we öňde duran işler barada gürrüň berdi.

«NT» Biz eýýäm Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üç syýasy partiýanyň gatnaşmagynda täze syýasy köpdürlilik bilen geçýändigini belläpdik. Bular bilen birlikde eýýäm, ýene bir hakykatyň ýüze çykandygyny bellemek gerek. Raýatlar topary tarapyndan öz dalaşgärini hödürleýän teklipçi toparyň düzüminiň agzalarynyň bolmaly sany hem tapawutly aýratynlykdyr. Siz ony nähili teswirleýärsiňiz?

A.Gandymow: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyna bazar ykdysadyýetiniň ymykly ornaşan we raýat jemgyýetiniň kemala gelen zamanasynda, döwletiň we jemgyýetiň gurluşynda demokratik hukuk döwletini gurmak maksady bilen, ýurtda döwürleýin we düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň kabul edilmegi ony has-da kämilleşdirdi. Baş Kanunymyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň häzirkizaman kadalary täze röwüşde şöhlelenýär. Baş Kanunymyzyň esasynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň konstitusion hukuklarynyň amala aşyrylmagynda raýat jemgyýetçiliginiň institutlaryna  möhüm ornuň degişlidigini aňladýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň häzirki möwsümi ýurdumyzda raýat aň-düşünjeliliginiň näderejede ösenligini, adamlaryň döwletiň jemgyýetçilik -syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýandygyny has-da aýdyň görkezýär. Teklipçi toparlaryň düzüminde bar bolan agzalaryň sany 60-dan 75-e çenli artdy we olaryň umumy sany 407 adama barabar boldy. Her bir teklipçi topar saýlawçylaryň 10 müňden gowrak goluny ýygnady. Emma, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylda geçirilen saýlawlarynda bolsa, dalaşgär hödürlemäge gatnaşan dokuz teklipçi toparyň diňe ikisiniň saýlawçylaryň zerur mukdardaky gollaryny ýygnap, bilendigini bellemek gerek.

Şu günki ýagdaýa ser salanyňda, her bir raýatyň ýurdumyzyň ykbaly we onuň häzirki güni, hem-de geljegi üçin özüniň şahsy jogapkärçiligininiň ýokarydygyny çuň duýýandygyny subut edýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, berlen hukuklara görä, teklipçi toparlaryň öz işlerini amala aşyryp bilmekleri üçin Merkezi Saýlaw topary tarapyndan ähli mümkinçilikler döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlemek islän teklipçi toparlar üçin ýatlama kitapçasy taýýarlanyldy. Bu ýatlama kitapçasynda teklipçi toparlaryň ygtyýarlyklary, amala aşyrmaly işleri barada jikme-jik gürrüň berilýär. Şunda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň teklipçi toparlaryň ygtyýarlyklary bilen baglanşykly maddalaryna salgylanyldy, şeýle hem Merkezi saýlaw toparyna tabşyrylmaly resminamalaryň nusgalary görkezildi.

«NT» Saýlaw möwsümi häzirki wagtda özüniň haýsy tapgyryna gadam basdy?

A.Gandymow: Häzir saýlaw möwsümi özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek tapgyryna gadam basdy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri-gazet we telewideniýe arkaly dalaşgärler öz maksatnamalary bilen yzygiderli çykyş edýärler. Şu ýerde şeýle işleriň hem geçirilýändigini aýratyn nygtamak isleýärin. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärlere döwlet teleradio ýaýlymlarynda çykyş etmek üçin tölegsiz efir wagty berilýär. Görkezilen tölegsiz tertipdäki efir wagty dalaşgärleriň arasynda deň şertlerde paýlanylýar. «Altyn asyr», «Ýaşlyk», «Miras» «Türkmenistan» teleýaýlymlarynda çykyş etmek üçin her bir dalaşgäre 13-15 minut efir wagty kesgitlenendir. Halkymyzyň her bir raýaty üçin amatly wagtda bolar ýaly, dalaşgärlere «Watan» habarlar gepleşiginde çykyş etmek bellenildi. Dalaşgärleriň maksatnamalaýyn çykyşlary teleýaýlymlarda agşam sagat 21-00-da 23-00-da we indiki günüň dowamynda 7-00-da, 9-00-da, 12-00-da we 15-00-da yzygiderli görkezilýär. Dalaşgärleriň her biriniň çykyşy «Türkmenistan» teleýaýlymy boýunça gije-gündiziň dowamynda ýedi dilde üç gezek berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň terjimehallary we maksatnamalary gazetlerde hem çap edildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde göz öňünde tutulan talaplary ýerine ýetirmek maksady bilen, Dalaşgärleriň telewideniýe arkaly eden çykyşlarynyň tertibi  Merkezi Saýlaw topary tarapyndan düzüldi. Köpçülikleýin wagyz işlerini geçirmegiň ýene bir görnüşi saýlawçylar bilen duşuşyklary guramakdyr. Her bir dalaşgäre Türkmenistanyň welaýatlarynda saýlawçylaryň öňünde çykyş etmäge mümkinçilik döredilýär. Duşuşyklar Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanylan tertip esasynda, 2017-nji ýylyň 11-nji ýanwaryndan 7-nji fewraly aralygynda geçiriler. Duşuşyklar häzirkizaman, döwrebap, iň gowy binalarda geçirilýär. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary welaýat teatrlarynyň binalarynda, Ahal welaýatynda bolsa Medenýet köşgünde, paýtagtymyzda hem «Mekan» köşgünde geçiriler. Duşuşyklaryň geçýän wagty hem-de ýeri köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly saýlawçylara öňünden habar berilýär.

«NT» Saýlawçylar häzirki saýlaw möwsümi barada näme möhüm zatlary bilmeli?

A.Gandymow: Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, wagyz işleri erkin geçirilýär. Wagyz işleriniň baş maksady saýlawlar güni her bir saýlawçynyň ses bermegini, saýlawçylaryň habarly edilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Wagyz işlerinde diňe bir köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ulanmak däl-de, eýsem beýleki köpçülikleýin çäreleri hem guramak mümkindir.

Syýasy partiýalaryň, Türkmenistanyň raýatlarynyň, dalaşgärleriň, dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň, teklipçi toparlaryň dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalaryny, olaryň syýasy, iş başarjaňlyk, şahsy sypatlaryny erkin we hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga hukuklary bardyr. Her bir dalaşgär, teklipçi topar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly wagyz işlerini geçirmegiň görnüşini we häsiýetini özbaşdak kesgitlemäge hukuklydyr. Saýlawçylar bilen duşuşyklar saýlawçylara amatly wagtda we usulda geçirilýär. Her bir saýlaw uçastogynyň çäginde wagyz maglumatlaryny ýerleşdirmek üçin ýörite ýerler göz öňünde tutulýar. Wagyz işlerini geçirmegiň barşynda ol ýa-da beýleki dalaşgäre sowgatlary we maddy gymmatlyklary saýlawçylara bermek, harytlary ýeňillikli bahalardan satmak, haýyr-sahawat işi bilen meşgullanmak gadagan edilýär.

«NT» Siziň  saýlawçylara arzuwlaryňyz.?!

A.Gandymow: Men saýlawçylara saýlaw möwsüminiň ähli tapgyryna işeňňir gatnaşmagy arzuw edýärin. Saýlawlaryň demokratik häsiýetde, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda geçmegi üçin döwletimiziň ähli mümkinçilikleri, şertleri döredýändigini ýatlamak gerek. Saýlawçylar bolsa özleriniň işjeň raýatlyk hukygyndan peýdalanyp, saýlaw möwsümine ýokary işjeňlik bilen gatnaşmalydyrlar.

 

Söhbetdeşligi alyp baran Irina Imamkulyýewa 

06 Apr
Bütindünýä saglyk güni

Asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda hem Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Ýurdumyzda köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňl...

20 Mart
Ynsanperwerligiň, gözelligiň baýramy

Pederlerimizden miras galan Milli bahar baýramymyz, Nowruz diňe bir bahar baýramy bolmak bilen çäklenmän, eýsem gözelligiň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly hazynasy, gözel ýaşaýyşyň ýaraşygy,...

13 Mart
Ýazky bag ekmek möwsümi

Biziň ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek  indi özboluşly däbe öwrülip gitdi. Bahar paslynyň  gelmegi bilen obadyr kentlerimizde her bir ynsan dürli bag nahallaryny  ekmek bile...

04 Mart
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Oliniň Majlisi namaýandagonyň (parla...

24 Few
Hoş habar

2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirende, ýurdumyza...

12 Few
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň nobatdan d...

21 Ýan
2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Munuň diňe biziň ýurdumyzyň halky üçin däl-de, eýsem  tutuş  dünýäniň halklary üçin hem özboluşly, simw...

26 Dek
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Merkezi saýlaw toparynda

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüji başlangyçlary, nesihatlary we tabşyryklary esasynda, saýlawlary geçirmegiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny, saýlaw toparlarynyň...