TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

05 Noý

Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçy bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek hem-de olaryň senagat, ulag infrastrukturasyny giňeltmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýerli çig malyň binýadynda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň düzümindäki önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek babatda iri taslamalar amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň ösen ulgamy kemala getirildi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlan-dyrylmagy giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalary ulanmaga bermek we gurluşygynyň düýbüni tutmak dabaralary mynasybetli çykyş etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Balkan welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň hem-de Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşylýandygyny, şeýle hem Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyp ulanmaga berilýändigini belledi hem-de bu ýere ýygnananlary täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desgany işe girizmäge ak pata berdi. Täze suw desgasy 8 gektar meýdanda ýerleşip, oňa Ýewropanyň ýokary hilli tehnologiýalary ornaşdyrylandyr. Desga deňiz suwundan bir gije-gündiziň dowamynda 20 müň kub metr arassa agyz suwuny öndürmek ukybyna eýedir. Şu jähetden ugur alsak, ulanyşa girizilen täze desga diňe bir arassa agyz suw üpjünçiliginiň binýadyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygynyň subutnamasydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň ýol-ulag düzüminde häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyzda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň yzygiderli gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr».

Soňra dabara sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyşy bilen dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata berdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 16-njy iýunyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak hakynda Kararyna laýyklykda gurlup, ulanylmaga berlen, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýän we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň umumy uzynlygy 354 metre deňdir. Iki gatnawly we iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň ini 21 metr bolup, oňa eltiji ýollaryň umumy uzynlygy 2 müň metre deňdir.

Soňra dabara karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüniň tutulýan ýerinde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz: «Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan täze karbamid öndürýän toplum hem ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda häzirki wagtda «Tejenkarbamid», «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary hereket edýär. Bu täze gurulýan toplum hem ekologik taýdan dünýä standartlaryna gabat geler. Häzirki zaman toplumynyň gurluşygyny Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» we Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň konsorsiumy ýerine ýetirer. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler» diýip belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz asylly däbine eýerip, bu başlangyja ak pata berdi. Täze guruljak Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz bölegi jemi 4 sany hereket zolagyndan ybarat bolar. Onuň ýer düşeginiň giňligi 27,5 metre, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 7,5 metre, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metre barabar bolar. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite beton ýol çäkleri arkaly bölüner. Ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, onuň iki tarapynda hem päsgelçilik gorag germewleri gurnalar. Jemi uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap awtomobil ýoly Türkmenbaşy şäherinden başlap, Garabogazköl aýlagynyň täze awtomobil köprüsiniň üsti bilen «Garabogazkarbamid» zawodynyň golaýynda guruljak aýlawly çatryga çenli aralykdaky menzili öz içine alar. Şeýle hem bu ýol aýlawly çatrykdan Gazagystan bilen araçäkdäki döwlet serhedine çenli barar. Bir sagatda 580 awtoulaga, 24 sagadyň dowamynda bolsa 14 müň sany awtoulaga hyzmat etjek bu häzirki zaman awtoulag ýolunyň ugrunda awtobus duralgasynynyň 8-sini, awtoduralga meýdançalaryny, ýangyç guýujy beketleri we durmuş maksatly binalary gurmak hem göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi, Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň, hususan-da, Balkan welaýatynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy. Bu dabaralaryň ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda köpri gurmak, ýol çekmek ýaly sogap işleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

05 Noý
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuww...

28 Okt
Türkmenistan — Italiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyry

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...

20 Okt
Birleşen Milletler Guramasyndan gelen hoş habar

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...