Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gutlag hatynda: «Ses berlişigiň netijeleri azerbaýjan halkynyň Siziň döwlet gurluşyny berkitmäge, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluňyza uly ynamynyň we goldawynyň nyşany bolup durýar. Bu möhüm wakanyň Azerbaýjanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellemek guwandyryjydyr we onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Siziň hut özüňiziň berýän ünsüňiz, uly goldawyňyz üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris» diýlip, bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...
On October 7, 2025, the National Leader of the Turkmen People, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring Republic of Azerbaijan a...
Turkmenistan, which actively pursues a foreign policy based on the principles of peacefulness, positive Neutrality and broad international cooperation, also develops effective relations within the fra...
A delegation from the Office for Democratic Institutions and Human Rights of the Organization for Security and Cooperation in Europe (OSCE) visited the capital from 14 to 18 September 2025. The purpos...
During in the Revival of a new epoch of a powerful state, industrialization of the country and expansion of the range of products based on local raw materials are important areas of the state strategy...
From August 31 to September 3, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov was on a working visit to friendly People’s Republic of China. At the invitation of the Chairman of the People’s Republic...
On September 1, 2025, opening ceremony of the International University of Industrialists and Entrepreneurs was held in the capital with the participation of the National Leader of the Turkmen people,...
A letter from the Secretary-General of the United Nations António Guterres, addressed to the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov has been received. As stated in the letter António Guterres...