CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

28 Mar

Änew — türki dünýäsiniň medeni paýtagty

Bilşimiz ýaly, 26-njy martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi. Dabaralara gatnaşmak üçin bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramala-rynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem ýurdumyza gelen hormatly myhmanlaryň hatarynda Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-a agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri gatnaşdylar.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüt kabul edilipdi. Munuň özi halkara ynsanperwer başlangyçlary işjeňleşdirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň tagallalarynyň we bar bolan ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilmeginiň nobatdaky güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň ýakynda Aşgabatda geçirilen mejlisi bu gurama bilen köptaraply gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär.

Ýeri gelende aýtsak, bu gurama tarapyndan gadymy şäherlerimiziň eýýäm ikinji gezek «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen, ýurdumyz özüniň gadymy taryhyna, baý milli medeniýetine ylmy we döredijilik intelligensiýanyň ünsüni çekmäge, häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik alýar. 2015-nji ýylda bu derejä Mary şäheri eýe bolupdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu möhüm çärä badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara iberen gutlagynda: «Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň hem-de abraýly halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Berkarar döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolup, sebitde we dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri üstünlikli amala aşyrýar. Bu ugurda yzygiderli alnyp barylýan medeni diplomatiýanyň çäklerinde dünýä döwletleri, aýratyn-da, türki dünýäniň ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyza aýratyn ähmiýet berýäris» diýip belleýär.

Galkynyşyň we täzelenişiň, agzybirligiň, ýaşaýyşyň  hem-de dost-doganlygyň baýramy bolan Nowruz baýramynyň yzysüre Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere dabaraly ýagdaýda badalga berilmeginde özboluşly many bar.  Änew — taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älem. Gorgan-gorgan depeleriň, belentli-pesli baýyrlaryň astynda taryhyň müňlerçe ýyllara uzaýan medeni mirasy henizem basyrylyp ýatyr. Alymlar Änew medeniýetiniň taryhy ýedi müň ýyldan gowrak döwri öz içine alýar diýen netijä geldiler. Ýagny Änew geçmişde ekerançylygyň gülläp ösen, adamzat medeniýetiniň kemala gelen gadymy mekany bolupdyr, muňa bu ýerden tapylan ak bugdaýyň däneleri hem güwä geçýär. Bu barada döwlet Baştutanymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär.

Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde dünýäniň çar ýanyndan gadymy türkmen topragyna gelen köp sanly myhmanlar — alymlar, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, nakgaşlar, bagşy-sazandalar halkymyzyň şöhratly taryhy we baý medeni mirasy, Diýarymyzyň gözellikleri bilen ýakyndan tanşarlar. «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda-da baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar we türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýet ulgamynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlyga esaslanýar.

20 May
Turkmenistan — Republic of Tatarstan of the Russian Federation: friendly relations are developing

On May 16, 2025, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly Republic of Tatarstan of the R...

12 May
The President of Turkmenistan took part in the celebrations in Moscow on the occasion of the 80th anniversary of the Great Victory

On May 9, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country of the Russian Federation. At the invitation of Russian President Vladimir Putin, our esteemed...

07 May
Turkmenistan – France: a new page of cooperation

On May 5, 2025, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov at the invitation of the President of the French Republic Emmanuel M...

05 May
The meeting took place

On May 5, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Holding Elections and Referendums in Turkmenistan between the Chairman of the Central Commission for Holding Elections an...

05 May
A new International Airport has been opened in our country

On May 1-2, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the Balkan velayat. Esteemed President Serdar Berdimuhamedov held an expanded meeting of the Cabinet of Minist...

25 Apr
Türkmen Özbek dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...

24 Apr
Türkmen Gyrgyz dost-doganlyk gatnaşyklary berkidilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...

23 Apr
Türkmenistan – Gazagystan: dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...