Bilşimiz ýaly, 26-njy martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi. Dabaralara gatnaşmak üçin bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramala-rynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem ýurdumyza gelen hormatly myhmanlaryň hatarynda Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-a agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylarydyr ylmy wekiliýetleri gatnaşdylar.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüt kabul edilipdi. Munuň özi halkara ynsanperwer başlangyçlary işjeňleşdirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň tagallalarynyň we bar bolan ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilmeginiň nobatdaky güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň ýakynda Aşgabatda geçirilen mejlisi bu gurama bilen köptaraply gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär.
Ýeri gelende aýtsak, bu gurama tarapyndan gadymy şäherlerimiziň eýýäm ikinji gezek «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen, ýurdumyz özüniň gadymy taryhyna, baý milli medeniýetine ylmy we döredijilik intelligensiýanyň ünsüni çekmäge, häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik alýar. 2015-nji ýylda bu derejä Mary şäheri eýe bolupdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu möhüm çärä badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylara iberen gutlagynda: «Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň hem-de abraýly halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Berkarar döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolup, sebitde we dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleri üstünlikli amala aşyrýar. Bu ugurda yzygiderli alnyp barylýan medeni diplomatiýanyň çäklerinde dünýä döwletleri, aýratyn-da, türki dünýäniň ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyza aýratyn ähmiýet berýäris» diýip belleýär.
Galkynyşyň we täzelenişiň, agzybirligiň, ýaşaýyşyň hem-de dost-doganlygyň baýramy bolan Nowruz baýramynyň yzysüre Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere dabaraly ýagdaýda badalga berilmeginde özboluşly many bar. Änew — taryh üçinem, şu günümiz we geljegimiz üçinem täsin bir älem. Gorgan-gorgan depeleriň, belentli-pesli baýyrlaryň astynda taryhyň müňlerçe ýyllara uzaýan medeni mirasy henizem basyrylyp ýatyr. Alymlar Änew medeniýetiniň taryhy ýedi müň ýyldan gowrak döwri öz içine alýar diýen netijä geldiler. Ýagny Änew geçmişde ekerançylygyň gülläp ösen, adamzat medeniýetiniň kemala gelen gadymy mekany bolupdyr, muňa bu ýerden tapylan ak bugdaýyň däneleri hem güwä geçýär. Bu barada döwlet Baştutanymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär.
Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde dünýäniň çar ýanyndan gadymy türkmen topragyna gelen köp sanly myhmanlar — alymlar, ýazyjy-şahyrlar, žurnalistler, suratkeşler, nakgaşlar, bagşy-sazandalar halkymyzyň şöhratly taryhy we baý medeni mirasy, Diýarymyzyň gözellikleri bilen ýakyndan tanşarlar. «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda-da baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar we türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýet ulgamynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlyga esaslanýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...