Mälim boşy ýaly, 2024-nji ýylyň 8-9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Moskwa şäherinde geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Russiýa Federasiýasy bilen netijeli dialoga hemişe açykdygyny üýtgewsiz görkezip gelýär.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň berk hukuk binýady ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeliligini üpjün edýän esasy şert hökmünde çykyş edýär. Geçen ýyllarda gol çekilen hökümetara resminamalara laýyklykda, milli we sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi.
Iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimizi Kreml binasynyň ýanynda Russiýanyň Prezidenti mähirli garşylady.
Soňra, Kremlden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen beýleki belent mertebeli myhmanlar — wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde dabaraly harby ýörişiň geçirilýän ýerine — Gyzyl meýdanyň merkezi münberine bardylar.
...Beýik Ýeňiş gazanylandan bäri 79 ýyl geçdi. Gazaply uruş ýyllarynda tutuş adamzat öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar boldy, millionlarça adamyň ömür tanapy kesildi, mukaddes gymmatlyklara, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, ylmyň, edebiýatyň we sungatyň ösüşine düýpli zarba uruldy.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda umumy wehime hem-de zorluga garşy söweşen millionlarça adamy parahatçylykly durmuş baradaky arzuw jebisleşdirdi. Beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde türkmenistanly esgerler-de urşuň ýowuz synagyndan mertlik bilen geçdiler. Olar uzak garaşdyran Ýeňşiň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdular. Parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Ata-babalarymyzyň şöhratly we gahrymançylykly ýoly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Munuň şeýledigine, maglumatlardan belli bolşy ýaly, uruş meýdanlarynda türkmenistanlylaryň 265 müňden gowragynyň gaýduwsyz söweşip, görkezen edermenlikleri üçin watandaşlarymyzyň 104-siniň Gahryman diýen belent ada, 19-synyň bolsa «Şöhrat» ordenine mynasyp bolandyklary hem doly şaýatlyk edýär. Watandaşlarymyzyň şol ýowuz ýyllardaky edermenligi biziň hemmämiz üçin Watana bolan söýginiň, hormatyň, borja wepalylygyň belent nusgasydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Gahryman esgeriň durmuş ýoly Watanymyza, halkymyza gulluk etmegiň ajaýyp nusgasydyr. 1943-nji ýylda fronta meýletin gitmek bilen, ol 2-nji ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunda gaýduwsyz söweşipdir.
Asylly däbe görä, harby ýöriş tamamlanandan soňra, dabaralara gatnaşan döwlet Baştutanlary bilelikde Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna bardylar we Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň Prezidenti tutuş adamzadyň parahat durmuşy hem-de azatlygy ugrunda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolanlary hatyralap, Baky oda gyzyl gülleri goýýar. Ýadygärligiň öňünden Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen geçýärler.
Bu baýram biziň hemmämiz üçin aýratyn gymmatlydyr. Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanmak üçin ähli doganlyk halklar synmaz ruhy jebisligiň nusgasyny görkezdiler. Häzirki wagtda bu nurana baýramy bellemek bilen, biziň her birimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň hatyrasyna çäksiz gahrymançylyk we edermenlik görkezenleriň ählisine hoşallyk duýgusyny beýan edýäris. Milli gahrymanlarymyzyň edermenlikleri baradaky ýatlamalar biziň kalplarymyzda hemişelik ýaşar, doganlyk halklary has-da jebisleşdirer hem-de döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.
On May 9, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country of the Russian Federation. At the invitation of Russian President Vladimir Putin, our esteemed...
On May 5, 2025, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov at the invitation of the President of the French Republic Emmanuel M...
On May 5, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Holding Elections and Referendums in Turkmenistan between the Chairman of the Central Commission for Holding Elections an...
On May 1-2, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the Balkan velayat. Esteemed President Serdar Berdimuhamedov held an expanded meeting of the Cabinet of Minist...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...
On April 13-15, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country of Japan. Our Hero Arkadagly Serdar attended the opening ceremony of the World EXPO-2025 in...