CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

17 May

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 15-16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara ykdysady foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşdy, şeýle hem birnäçe duşuşyklary hem geçirdi.

Ýeri gelende aýtsak, 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli halkara çäräniň işine ýurdumyzyň wekiliýeti ençeme gezek gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek. Munuň özi türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hem-de Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň tassyklaýar.

Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Soňra  Kazan Kremlinde, taryhy-binagärlik toplumynyň çäginde ýerleşýän  Tatarystanyň Baştutanynyň resmi kabulhanasynda Gahryman Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany çaý başynda söhbet edip, dost-doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilen hem-de köpugurly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Milli Liderimiz mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Tatarystanyň Baştutany bilen Kazanda duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýollan mähirli salamyny ýetirdi. Bu ýerde doganlyk tatar halkynyň bize bolan aýratyn hormatyny, tüýs ýürekden we mähirli gatnaşygyny duýýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň duşuşygy geçirildi. Oňa iki tarapyň wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar.

Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň «Russiýa — Yslam dünýäsi: adalatly, köppolýarly dünýä gurluşy we howpsuz ösüş» atly mejlisiň geçirilýän ýeri bolan, Başir Rameýew adyndaky Maglumat tehnologiýalary parkyna bardy.

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany duşuşygy açyp, häzirki wagtda bu toparyň ornunyň barha artýandygyny belledi. Ol Russiýanyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklarda baglanyşdyryjy köprä, dostlugy, özara düşünişmegi, ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guralyna öwrüldi diýip, nygtady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyşynda: «Yslam başlangyjynyň ähli döwletleriň oňa goşulyşmagy üçin açyk bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunda bu başlangyjyň dünýä jemgyýetçiliginiň ähli jogapkär taraplarynyň, diňe bir syýasatçylaryň däl, eýsem, beýleki adamlaryň hem goldawyna eýe boljakdygyna, musulman ymmatynyň çetde durman, jebisleşendigini we beýleki döwletleriňdir halklaryň goldaw bermeginde dünýädäki işleriň ýagdaýyna işjeň we netijeli täsir etmäge, ylalaşygy gazanmak üçin ýardam bermäge taýýardygyny habar berjekdigine berk ynam bildirýärin» diýip belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda üns berendikleri üçin mejlise gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi we hemmelere berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.

Şu ýylky geçirilen «KazanForuma» 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. Ol «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» şygary astynda geçirildi.

Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem Russiýa Federasiýasynda yslam maliýe ulgamy düzümleriniň ösdürilmegine ýardam bermek forumyň esasy maksadydyr.

Mejlis tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow we Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Grigoriý Karasin bilen duşuşdy.

Şeýle-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Myhmanlar öýünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen hem duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler halklarymyzyň asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň umumylygyna, diliniň meňzeşligine, dininiň birligine, birek-birege hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini bellediler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezine baryp gördüler.

Sergä Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň köp pudaklarynyň wekilleri, şol sanda azyk önümçiligi, saglygy goraýyş, senagat, moda senagaty, syýahatçylyk, maglumat tehnologiýalary, maliýe we maýa goýumlar ulgamlarynda ýöriteleşen kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň amala aşyran bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.

25 Dec
Training seminars were held

In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...

25 Dec
An informal meeting of the Heads of State of the CIS member states was held in Saint Petersburg

On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...

24 Dec
Meeting Held with Representatives of the UNDP Office in Turkmenistan

On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...

23 Dec
The First “Central Asia-Japan” Dialogue Summit

On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....

10 Dec
A training seminar was held

On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...

04 Dec
International cooperation in the election system

In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...

02 Dec
Election commissions of the newly formed etraps have been formed

During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...

28 Nov
Turkmen-Kazakh cooperation – is strengthening and reaching new heights

On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...