Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 15-16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara ykdysady foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşdy, şeýle hem birnäçe duşuşyklary hem geçirdi.
Ýeri gelende aýtsak, 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli halkara çäräniň işine ýurdumyzyň wekiliýeti ençeme gezek gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek. Munuň özi türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hem-de Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň tassyklaýar.
Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Soňra Kazan Kremlinde, taryhy-binagärlik toplumynyň çäginde ýerleşýän Tatarystanyň Baştutanynyň resmi kabulhanasynda Gahryman Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany çaý başynda söhbet edip, dost-doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilen hem-de köpugurly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Milli Liderimiz mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Tatarystanyň Baştutany bilen Kazanda duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýollan mähirli salamyny ýetirdi. Bu ýerde doganlyk tatar halkynyň bize bolan aýratyn hormatyny, tüýs ýürekden we mähirli gatnaşygyny duýýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň duşuşygy geçirildi. Oňa iki tarapyň wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar.
Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň «Russiýa — Yslam dünýäsi: adalatly, köppolýarly dünýä gurluşy we howpsuz ösüş» atly mejlisiň geçirilýän ýeri bolan, Başir Rameýew adyndaky Maglumat tehnologiýalary parkyna bardy.
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany duşuşygy açyp, häzirki wagtda bu toparyň ornunyň barha artýandygyny belledi. Ol Russiýanyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklarda baglanyşdyryjy köprä, dostlugy, özara düşünişmegi, ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guralyna öwrüldi diýip, nygtady.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyşynda: «Yslam başlangyjynyň ähli döwletleriň oňa goşulyşmagy üçin açyk bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunda bu başlangyjyň dünýä jemgyýetçiliginiň ähli jogapkär taraplarynyň, diňe bir syýasatçylaryň däl, eýsem, beýleki adamlaryň hem goldawyna eýe boljakdygyna, musulman ymmatynyň çetde durman, jebisleşendigini we beýleki döwletleriňdir halklaryň goldaw bermeginde dünýädäki işleriň ýagdaýyna işjeň we netijeli täsir etmäge, ylalaşygy gazanmak üçin ýardam bermäge taýýardygyny habar berjekdigine berk ynam bildirýärin» diýip belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynyň ahyrynda üns berendikleri üçin mejlise gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi we hemmelere berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.
Şu ýylky geçirilen «KazanForuma» 80-den gowrak döwletiň, şol sanda YHG-na agza ýurtlaryň 40-synyň, Russiýanyň sebitleriniň 83-siniň wekilleri gatnaşýarlar. Ol «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» şygary astynda geçirildi.
Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş-medeni ugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem Russiýa Federasiýasynda yslam maliýe ulgamy düzümleriniň ösdürilmegine ýardam bermek forumyň esasy maksadydyr.
Mejlis tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow we Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Grigoriý Karasin bilen duşuşdy.
Şeýle-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Myhmanlar öýünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen hem duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler halklarymyzyň asyrlaryň dowamynda medeniýetiniň umumylygyna, diliniň meňzeşligine, dininiň birligine, birek-birege hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini bellediler.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezine baryp gördüler.
Sergä Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitleriniň, daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň köp pudaklarynyň wekilleri, şol sanda azyk önümçiligi, saglygy goraýyş, senagat, moda senagaty, syýahatçylyk, maglumat tehnologiýalary, maliýe we maýa goýumlar ulgamlarynda ýöriteleşen kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň amala aşyran bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy.
2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geç...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşen...
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän binasynda, BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky çarçuwaly m...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň çakylyg...
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýy...
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda öza...
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýal...