Mälim boşy ýaly, 2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň günorta künjeginde — Tagtabazar etrabynyň çäginde täze infrastruktura desgalarynyň açylyşy we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Şeýle-de, dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund hem gatnaşdy.
Goňşy döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysyna asylly däbe görä, duz-çörek hödür edildi. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň we Molla Mohammad Hasan Ahundyň duşuşygy boldy. Ynanyşmak we netijeli häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri barada-da pikir alşyldy.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu ulgamy kemala getirmäge saldamly goşant bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, innowasiýalary, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Owganystanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy täze infrastruktura desgalarynyň açylyşy we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdylar. Bu desgalar asyrlaryň dowamynda kemala gelen, häzirki taryhy döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýän türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.
Soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly dabaralara gatnaşyjylara hem-de ähli ildeşlerimize ýüzlendi.
Biz bu gün goňşy we sebit döwletleriniň halkyna hyzmat etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga bermek dabaralaryna gatnaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen gutlap, türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolan täze infrastruktura desgalarynyň ýagny: Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr bolan demir ýol köprüsiniň açylmagyna, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüniň tutulmagyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygyna, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegine, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegine ak pata berdi. Şol pursat dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda täze açylan demir ýol köprüsiniň üstünden Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna dostlykly döwletiň doganlyk halkyna niýetlenen ynsanperwerlik ýüki ýüklenen demir ýol kerweni Owganystana tarap ugrady.
Soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaralara gatnaşyjylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taryhy ähmiýete eýe bolan iri taslamalara badalga berilmegi hem-de desgalaryň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra, dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Şeýle-de, täze desgalaryň işe girizilmegi, düýbüniň tutulmagy hem gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli toý sadakasy berildi.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda täze infrastruktura desgalarynyň, iri taslamalaryň gurluşygyna badalga berilmegi we açylmagy ata Watanymyzyň şöhratly taryhynda hoşniýetli Türkmen — Owgan goňşuçylyk gatnaşyklarynda täze sahypany açdy.
From August 31 to September 3, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov was on a working visit to friendly People’s Republic of China. At the invitation of the Chairman of the People’s Republic...
On September 1, 2025, opening ceremony of the International University of Industrialists and Entrepreneurs was held in the capital with the participation of the National Leader of the Turkmen people,...
A letter from the Secretary-General of the United Nations António Guterres, addressed to the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov has been received. As stated in the letter António Guterres...
In accordance with the resolution of the Presidium of the Halk Maslahaty of Turkmenistan adopted on August 20, the next meeting of the Halk Maslahaty of Turkmenistan will be held on September 19, 2025...
During in the period of the Revival of the new epoch of a powerful state, each of the reforms carried out in our country benefits the people and lays a solid foundation for our bright future. In our M...
On July 16-17, 2025, National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov at the invitation of President Ilham Aliyev paid a friendly visit t...
During in the Revival of the new era of a powerful state large-scale reforms initiated by the National Leader, implemented at a high level under the wise leadership of our Hero Arkadagly Serdar signif...
On June 17, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring country of Kazakhstan. Our Hero Arkadagly Serdar took part in the second “Central Asia – China” summi...