TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

13 Sent

Geljegi nazarlaýan Türkmen — Owgan goňşuçylyk gatnaşyklarynda täze sahypa

Mälim boşy ýaly, 2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň günorta künjeginde — Tagtabazar etrabynyň çäginde täze infrastruktura desgalarynyň açylyşy we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Şeýle-de, dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund hem gatnaşdy.

Goň­şy döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysyna asylly däbe görä,   duz-çörek hödür edildi. Soň­ra Gahryman Arkadagymyzyň we Molla Mohammad Hasan Ahundyň duşuşygy boldy. Ynanyşmak we netijeli häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri barada-da pikir alşyldy.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu ulgamy kemala getirmäge saldamly goşant bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, innowasiýalary, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Owganystanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy täze infrastruktura desgalarynyň açylyşy we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdylar. Bu desgalar asyrlaryň dowamynda kemala gelen, häzirki taryhy döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mynasyp dowam etdirilýän türkmen-owgan hoşniýetli goň­şuçylyk we doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.

Soň­ra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly dabaralara gatnaşyjylara hem-de ähli ildeşlerimize ýüzlendi.

Biz bu gün goňşy we sebit döwletleriniň halkyna hyzmat etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga bermek dabaralaryna gatnaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen gutlap, türkmen-owgan hoşniýetli goň­şuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolan täze infrastruktura desgalarynyň ýagny: Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metr bolan demir ýol köprüsiniň açylmagyna, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüniň tutulmagyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygyna, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegine, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegine ak pata berdi. Şol pursat dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda täze açylan demir ýol köprüsiniň üstünden Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna dostlykly döwletiň doganlyk halkyna niýetlenen ynsanperwerlik ýüki ýüklenen demir ýol kerweni Owganystana tarap ugrady.

Soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaralara gatnaşyjylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taryhy ähmiýete eýe bolan iri taslamalara badalga berilmegi hem-de desgalaryň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra, dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Şeýle-de, täze desgalaryň işe girizilmegi, düýbüniň tutulmagy hem gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli toý sadakasy berildi.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda täze infrastruktura desgalarynyň, iri taslamalaryň gurluşygyna badalga berilmegi we açylmagy ata Watanymyzyň şöhratly taryhynda hoşniýetli Türkmen — Owgan goňşuçylyk gatnaşyklarynda täze sahypany açdy.

21 Okt
TOPH gaz geçiriji taslamanyň Serhetabat — Hyrat tapgyryna badalga berildi

Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...

20 Okt
Birleşen Milletler Guramasyndan gelen hoş habar

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...

16 Okt
Täze önümçilik desgasynyň düýbi tutuldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 15-nji okt­ýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşy...

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...