Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy.
Ýeri gelende aýtsak, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Germaniýanyň Federal Kansleriniň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli altytaraplaýyn gepleşikleriň ilkinjisi geçen ýylyň sentýabrynda Berlinde geçirilipdi. Şol duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlary parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Netijeli türkmen-german hyzmatdaş-lygynyň pugtalandyrylmagynyň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şol taryhy duşuşyga gatnaşyp, Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän parahatçylyk döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, netijeli halkara dialoga ygrarlydygyny görkezýär.
Howa menzilinden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne tarap bardy. Köşgüň eýwanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli mübärekledi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, sebit kooperasiýasyna gatnaşýandygy we goldawy üçin hoşallyk bildirdi. Soňra, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna, ýagny, hormatly Prezidentimize söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, ilki bilen, Gazagystanyň Prezidentine myhmansöýerlik we işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitinde eden çuň manyly çykyşynda: «Türkmenistan sebit parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň gazanylmagyny we üpjün edilmegini biziň bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleri hasaplaýandygyny nygtady.
Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky has ýakyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler diýip hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de ýurtlarymyzyň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýany parahat, asuda, ykdysady taýdan özüne çekiji sebit, durnuklylygyň we açyklygyň giňişligi hökmünde görmek baradaky meýilleriniň umumylygyndan ugur alyp, tagallalary dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy arkaly birleşdirmegiň zerurdygyny belledi».
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bu formatyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Şeýle-de, iş saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Germaniýanyň Hökümetiniň Baştutany we meşhur nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.
On October 24-25, 2025, at the invitation of the President of Italy Sergio Mattarella, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a visit to the friendly Italian Republic. The relations betw...
On October 20, 2025, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov got acquainted with the progress of construction of the Turkmen...
On October 17, 2025, President Serdar Berdimuhamedov held a regular meeting of the Cabinet of Ministers through digital system. During the meeting, President was informed about good news received from...
On October 15, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov took part in the ceremony of laying the foundation stone of the complex for the production of mineral fertilizers at the S.A. Niyazov...
On October 9–10, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly Republic of Tajikistan. At the invitation of the President of Tajikistan Emomali Rahmon, our He...
On October 7, 2025, the National Leader of the Turkmen People, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring Republic of Azerbaijan a...
Turkmenistan, which actively pursues a foreign policy based on the principles of peacefulness, positive Neutrality and broad international cooperation, also develops effective relations within the fra...
A delegation from the Office for Democratic Institutions and Human Rights of the Organization for Security and Cooperation in Europe (OSCE) visited the capital from 14 to 18 September 2025. The purpos...