CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

04 Mar

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekili hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili 2025-nji ýylyň 2-nji martynda geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Oli Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.

Türkmenistandan halkara synçy bolup gatnaşan wekiller Täjigistan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.  

Saýlawlar Täjigistan Respublikasynyň Konstitusiýasy, «Täjigistan Respublikasynyň Oli Mejlisiniň saýlawlary hakynda» Konstitusion kanuny we saýlawlara taýýarlyk görlüşini we onuň geçirilişini düzgünleşdirýän beýleki kanunçylyk namalary, şeýle hem Merkezi saýlaw toparynyň kararlary esasynda geçirildi.

Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek işlerini Täjigistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary, 41 sany okrug  we 3 549 sany uçastok (şol sanda 36 sanysy daşary ýurtlarda) saýlaw toparlary guradylar.

Saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda ses bermek ýerli wagt bilen sagat 06:00-dan 20:00-a çenli geçirildi.   

Täjigistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlaryň jemi baradaky habaryna görä, hasaba alnan 5 million 522 müň 38 saýlawçydan 85,3 göterimi ses bermäge gatnaşdy.

Saýlawlarda 63 mandat üçin dalaşgärleriň 220-si bäsleşdi. Ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň  köpüsini – 51,9 göterimini Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň ýolbaşçylyk edýän Halk-demokratik partiýasy aldy.

Täjigistan Respublikasynyň Oli Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşan Türkmenistan döwletiniň wekilleri 2025-nji ýylyň 2-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy B.Hudoýorzoda bilen duşuşdylar. Şeýle-de, şol gün ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary L.W.Anfimowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine-de gatnaşdylar.

06 Jan
A new Law has entered into force

On June 28, 2025, the Law of Turkmenistan «On the Unified State Register of Voters» was adopted. The law entered into force on January 1, 2026. Thus, this law, which entered into force on January 1...

25 Dec
Training seminars were held

In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...

25 Dec
An informal meeting of the Heads of State of the CIS member states was held in Saint Petersburg

On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...

24 Dec
Meeting Held with Representatives of the UNDP Office in Turkmenistan

On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...

23 Dec
The First “Central Asia-Japan” Dialogue Summit

On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....

10 Dec
A training seminar was held

On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...

04 Dec
International cooperation in the election system

In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...

02 Dec
Election commissions of the newly formed etraps have been formed

During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...