Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekili hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili 2025-nji ýylyň 2-nji martynda geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Oli Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.
Türkmenistandan halkara synçy bolup gatnaşan wekiller Täjigistan Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy bilen tanyşdylar we saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.
Saýlawlar Täjigistan Respublikasynyň Konstitusiýasy, «Täjigistan Respublikasynyň Oli Mejlisiniň saýlawlary hakynda» Konstitusion kanuny we saýlawlara taýýarlyk görlüşini we onuň geçirilişini düzgünleşdirýän beýleki kanunçylyk namalary, şeýle hem Merkezi saýlaw toparynyň kararlary esasynda geçirildi.
Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek işlerini Täjigistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary, 41 sany okrug we 3 549 sany uçastok (şol sanda 36 sanysy daşary ýurtlarda) saýlaw toparlary guradylar.
Saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda ses bermek ýerli wagt bilen sagat 06:00-dan 20:00-a çenli geçirildi.
Täjigistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlaryň jemi baradaky habaryna görä, hasaba alnan 5 million 522 müň 38 saýlawçydan 85,3 göterimi ses bermäge gatnaşdy.
Saýlawlarda 63 mandat üçin dalaşgärleriň 220-si bäsleşdi. Ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň köpüsini – 51,9 göterimini Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň ýolbaşçylyk edýän Halk-demokratik partiýasy aldy.
Täjigistan Respublikasynyň Oli Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşan Türkmenistan döwletiniň wekilleri 2025-nji ýylyň 2-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy B.Hudoýorzoda bilen duşuşdylar. Şeýle-de, şol gün ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary L.W.Anfimowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine-de gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...