Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt bolan Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşdy.
Türki Döwletleriň Guramasy halklary taryhy, medeni we dil umumylygy bilen baglanyşan ýurtlaryň birleşigidir. 2009-njy ýylda döredilen bu gurama türki ýurtlaryň arasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär. TDG durnukly ösüşe gönükdirilen dialog hem-de hyzmatdaşlyk üçin meýdança bolup, häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan onuň düzümine doly hukukly agza hökmünde girýär. Türkmenistan we Wengriýa bu düzümde synçy döwlet derejesine eýedir.
Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäheriniň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Azerbaýjana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz sammite gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň ýokary derejeli bu sammitiniň we onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň guramanyň agza döwletleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Azerbaýjanyň Prezidenti hormatly Prezidentimize mähirli salamyny beýan edip, Azerbaýjanyň doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen ähli ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewi özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçýän ýeri bolan Geýdar Aliýew kongres merkezine geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Prezident Ilham Aliýew sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de umumy taryhy, dili, medeniýeti we ruhy-ahlak gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmakda Türki Döwletleriň Guramasynyň ähmiýetini belledi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Gahryman Arkadagymyz sammitde eden çuň manyly çykyşynda: «Ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi Türki Döwletleriň Guramasynyň şu günki ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz guramanyň umumy taryha, medeniýete, ruhy mirasa we dile esaslanýan dostlukly halklarymyzyň halkara guramasy bolup durýandygyny belledi.
Bellenilişi ýaly, guramanyň baş maksady türki döwletleriň arasynda agzybirligi, dost-doganlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we halkara derejede bilelikdäki tagallalardyr hereketleri utgaşdyrmaga gönükdirilendir. Häzirki günde dünýä jemgyýetçiligi öz ösüşiniň örän çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär. Şeýle ýagdaýda döwletlerimiziň halkara giňişlikde utgaşykly hereket etmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň öňümizde duran esasy wezipeleriň biri hem halkara derejede parahatçylygy, durnuklylygy we ynanyşmagy berkitmekdir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi hem-de sammite gatnaşyjylary bu şanly sene we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammite gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, türki döwletleriň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş, asuda we bagtyýar durmuşy arzuw etdi.
Prezident Ilham Aliýew çuň manyly çykyşy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, çykyşyň dowamynda beýan edilen teklipleriň türki döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde uly ähmiýetini belledi.
Sammit tamamlanandan soňra, wekiliýet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. Prezident Ilham Aliýew Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde metjidiň gurulýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize, şeýle hem ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, bu günüň taryhy wakadygyny, ýol gurmagyň, köpri gurmagyň, metjit gurmagyň halkymyzda mukaddes iş hasaplanýandygyny belledi. «Metjit — «Allanyň öýi». Şonuň üçin bu metjitde geljekde öten-geçenler ýatlanylar, ýurtlarymyzyň asudalygy we abadançylygy üçin doga-dilegler ediler. Bu metjitde ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Soňra metjidiň düýbüniň tutuljak ýerinden sanly ulgam arkaly Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň müftüleri Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dileg etdiler. Soňra wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bir wagtda ekrana basmak arkaly metjidiň gurluşygyna badalga berdiler.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi boýunça bu metjit Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna «Aga-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň gurama agza ýurtlaryň işjeň hyzmatdaşy bolup durýandygyny we umumy taryhy kökleri, medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklary bolan doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini nobatdaky gezek subut etdi.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...
Turkmenistan, which actively pursues a foreign policy based on the principles of peacefulness, positive Neutrality and broad international cooperation, also develops effective relations within the fra...
A delegation from the Office for Democratic Institutions and Human Rights of the Organization for Security and Cooperation in Europe (OSCE) visited the capital from 14 to 18 September 2025. The purpos...
During in the Revival of a new epoch of a powerful state, industrialization of the country and expansion of the range of products based on local raw materials are important areas of the state strategy...
From August 31 to September 3, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov was on a working visit to friendly People’s Republic of China. At the invitation of the Chairman of the People’s Republic...
On September 1, 2025, opening ceremony of the International University of Industrialists and Entrepreneurs was held in the capital with the participation of the National Leader of the Turkmen people,...
A letter from the Secretary-General of the United Nations António Guterres, addressed to the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov has been received. As stated in the letter António Guterres...
In accordance with the resolution of the Presidium of the Halk Maslahaty of Turkmenistan adopted on August 20, the next meeting of the Halk Maslahaty of Turkmenistan will be held on September 19, 2025...