CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

20 Oct

Birleşen Milletler Guramasyndan gelen hoş habar

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada habar berildi. Onda şu ýylyň 14-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi barada aýdylar.

Bu resminama BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 57 döwletiň awtordaşlygynda kabul edildi. Şeýlelikde, resminamada deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysady kuwwatyny berkitmekde we olaryň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagynda halkara raýdaşlygyň ähmiýeti nygtalýar, şeýle hem durnukly ulag ulgamynyň, sanly we energetika infrastrukturasynyň, söwdanyň we ekologiýanyň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýeti bellenilýär.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde şu ýylyň 5 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden, 46 halkara guramasyndan wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldiler. Maslahatyň çäklerinde jemi plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli «tegelek stol» duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, hem-de ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi. Halkara maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy, şeýle-de Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin 2024 – 2034-nji ýyllar boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasy kabul edildi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny aýdyp, Ministrler Kabinetiniň agzalaryny «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. «BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy jarnamasy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň uly ähmiýetini ýene bir gezek tassyklaýar. BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň bu Kararnamany goldamagy, köp sanly ýurtlaryň oňa awtordaş bolup çykyş etmegi biziň üçin uly abraýdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

«Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň hem-de ählumumy derejesinde hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerletmekde öňdebaryjy ornunyň nobatdaky tassyknamasy boldy.

20 Oct
Birleşen Milletler Guramasyndan gelen hoş habar

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimize Amerika...

16 Oct
The foundation of a new production complex has been laid

On October 15, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov took part in the ceremony of laying the foundation stone of the complex for the production of mineral fertilizers at the S.A. Niyazov...

13 Oct
The second “Central Asia – Russia” summit and meeting of the CIS Council of Heads of State took place

On October 9–10, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly Republic of Tajikistan. At the invitation of the President of Tajikistan Emomali Rahmon, our He...

08 Oct
XII Summit of Heads of State of the Organization of Turkic States took place

On October 7, 2025, the National Leader of the Turkmen People, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring Republic of Azerbaijan a...

25 Sept
Turkmenistan – United Nations: Benevolent cooperation aimed at peace

Turkmenistan, which actively pursues a foreign policy based on the principles of peacefulness, positive Neutrality and broad international cooperation, also develops effective relations within the fra...

18 Sept
A meeting was held with the OSCE delegation

A delegation from the Office for Democratic Institutions and Human Rights of the Organization for Security and Cooperation in Europe (OSCE) visited the capital from 14 to 18 September 2025. The purpos...

09 Sept
Opening of a new glass container manufacturing plant

During in the Revival of a new epoch of a powerful state, industrialization of the country and expansion of the range of products based on local raw materials are important areas of the state strategy...

04 Sept
Turkmenistan-China: friendly relations are developing

From August 31 to September 3, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov was on a working visit to friendly People’s Republic of China. At the invitation of the Chairman of the People’s Republic...