Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady goýlan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sebitiň ýurtlary bilen özara bähbitli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir.
Munuň şeýledigine, 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, Owganystanyň abadan durmuşyny pugtalandyrmaga yzygiderli goldaw berýär. Türkmenistan energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi ugrunda çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu ulgamy kemala getirmäge saldamly goşant bolup durýar.
Milli Liderimiz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk meýdançasyna bardy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň hem-de Owganystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Soňra bu ýerde dabaraly mejlis geçirildi. Mejlisiň öňüsyrasynda iki dostlukly ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen bu möhüm taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin doga-dileg edildi.
Soňra mejlisde Gahryman Arkadagymyz şanly waka mynasybetli dabara gatnaşyjylara ýüzlenip çuň manyly taryhy çykyşynda: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.Türkmen tebigy gazynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de daşarky bazarlara ygtybarly ibermek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan täze, halkara ähmiýetli gaz geçirijileri çekmek babatda alnyp barylýan işler hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär» diýip belledi.
Goňşy we sebit döwletleriň gülläp ösmeginde, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmekde uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 kilometr bolan türkmen bölegi edermen gazçylarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu taslamany durmuşa geçirmek üçin berk maddy-enjamlaýyn binýat döredildi we 200-den gowrak täze, häzirki zaman kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyrynyň uzynlygy 153 kilometr bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.
Soňra Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradara söz berildi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary owgan topragynda mübärekläp, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahundyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bolan TOPH taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu taslama diňe bir gaz geçiriji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatdaşlygyň, özara ykdysady gatnaşyklaryň hem-de umumy abadançylygyň bähbidine gönükdirilen tagallalaryň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, bu taslama sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin köpri bolup hyzmat edýär hem-de energiýa howpsuzlygyny, durnuklylygy üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir diýip belledi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Hyrat welaýatyna barýan böleginiň turbalarynyň kebşirleýiş işleriniň geçirilýän ýerine bardy we kebşirleýiş işlerine başlamaga ak pata berdi. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi sebit we dünýä ähmiýetli bu iri gaz taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy barada doga-dileg etdi.
Şeýlelikde, Milli Liderimiziň Owganystana amala aşyran sapary Türkmenistanyň sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi. Häzirki wagtda türkmen-owgan gatnaşyklary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup, diňe bir iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbitlerine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga hem saldamly goşant goşýar.
Mälim boşy ýaly, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ga...
On October 17, 2025, President Serdar Berdimuhamedov held a regular meeting of the Cabinet of Ministers through digital system. During the meeting, President was informed about good news received from...
On October 15, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov took part in the ceremony of laying the foundation stone of the complex for the production of mineral fertilizers at the S.A. Niyazov...
On October 9–10, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly Republic of Tajikistan. At the invitation of the President of Tajikistan Emomali Rahmon, our He...
On October 7, 2025, the National Leader of the Turkmen People, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring Republic of Azerbaijan a...
Turkmenistan, which actively pursues a foreign policy based on the principles of peacefulness, positive Neutrality and broad international cooperation, also develops effective relations within the fra...
A delegation from the Office for Democratic Institutions and Human Rights of the Organization for Security and Cooperation in Europe (OSCE) visited the capital from 14 to 18 September 2025. The purpos...
During in the Revival of a new epoch of a powerful state, industrialization of the country and expansion of the range of products based on local raw materials are important areas of the state strategy...