Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna sapary amala aşyrdy.
Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan we geljege ynamly garaýan üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri ýurtlarymyz özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler.
Türkmen hem-de italýan halklarynyň gatnaşyklarynyň gadymy kökleri bardyr. Beýik Ýüpek ýoly antiki döwürde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Parfiýa imperiýasyny Rim imperiýasy bilen baglanyşdyrypdyr. Marko Polo ýaly meşhur italýan syýahatçylary hem-de söwdagärleri öz eserlerinde türkmen topragy, medeniýeti, däp-dessurlary, meşhur ahalteke atlary we türkmen halylary barada maglumatlary galdyrypdyrlar. Şeýlelikde, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar baý taryhy binýada esaslanýar.
Italiýa Respublikasynyň Rim şäheriniň Fýumiçino «Leonardo Da Winçi» Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de, ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Rime saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz «Altare della Patria» ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül goýdy.
Hormatly Prezidentimiziň Italiýanyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin janyny gurban eden gahrymanlary sarpalamagy Türkmenistanyň halkynyň dostlukly ýurduň taryhyna we milli gymmatlyklaryna çuňňur hormatynyň aýdyň beýany boldy.
Soňra Italiýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň «Kwirinale» köşgüne bardy. «Kwirinale» köşgüniň howlusynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella mähirli garşylady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda iki taraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Italiýa resmi sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen şu ilkinji duşuşygynyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde Italiýa amala aşyran resmi saparlaryny we onuň dowamynda Serjio Mattarella bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Dostlukly ýurduň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara dialogyň ýokary derejesini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň halkara derejede hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, parahatçylyga, dialoga we durnukly ösüşe ygrarlylygy görkezýändigini belledi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny yzygiderli goldaýandygy üçin Italiýa minnetdarlyk bildirdi. «Biz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyna ýokary baha berýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitiniň ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini we bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, Prezident Serjio Mattarellany foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Serjio Mattarella Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň toplumy boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň geňeşçisi forumy açyp, hormatly Prezidentimiziň şu maslahata gatnaşmagynyň onuň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny belledi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimize söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz eden çuň manyly çykyşynda bu möhüm forumda çykyş etmäge çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, italýan kompaniýalarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylaryny, ähli foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de gatnaşyjylaryň şeýle wekilçilikli düzüminiň Türkmenistana artýan gyzyklanmanyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylmanyň subutnamasy hökmünde kabul edilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmen-italýan işewürlik forumyna gatnaşyjylara netijeli iş alyp barmagy arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy. Şeýlelikde, Türkmen-italýan işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi taraplaryň ýetilen sepgitler bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga taýýardyklaryny görkezdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäklerinde «Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň başlygy Stefano Pontekorwo bilen duşuşdy.
Şeýle-de, Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Kapitoliý muzeýiniň meýdançasynda döwlet Baştutanymyzy Rim şäheriniň häkimi Roberto Gualtýeri mähirli garşylady.
Rim şäheriniň häkimi Roberto Gualtýeri dabara gatnaşyjylary hem-de hormatly Prezidentimizi mübärekläp, şu gün müňýyllyklaryň dowamynda Rimiň taryhynyň emele gelen ýeri — Kapitoliý baýrynda «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylýandygyny aýtdy we 2025-nji ýylyň oktýabry — 2026-njy ýylyň aprel aýy aralygynda geçiriljek bu giň möçberli çäräniň Merkezi Aziýanyň medeni mirasyny Ýewropa siwilizasiýasynyň gözbaşy bilen birleşdirýän özboluşly köpri bolup durýandygyny belledi.
Soňra çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimize söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan ajaýyp gadymy eserleriň nusgalarynyň bu sergide uly gyzyklanma döretjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň Italiýa amala aşyran resmi sapary, onuň çäklerinde geçirilen gepleşikler hem-de gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar däp bolan dostlukly türkmen-italýan gatnaşyklarynda möhüm tapgyr bolup, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin täze gözýetimleri açýar.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Italiýa Respublikasyna...
On October 20, 2025, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov got acquainted with the progress of construction of the Turkmen...
On October 17, 2025, President Serdar Berdimuhamedov held a regular meeting of the Cabinet of Ministers through digital system. During the meeting, President was informed about good news received from...
On October 15, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov took part in the ceremony of laying the foundation stone of the complex for the production of mineral fertilizers at the S.A. Niyazov...
On October 9–10, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly Republic of Tajikistan. At the invitation of the President of Tajikistan Emomali Rahmon, our He...
On October 7, 2025, the National Leader of the Turkmen People, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring Republic of Azerbaijan a...
Turkmenistan, which actively pursues a foreign policy based on the principles of peacefulness, positive Neutrality and broad international cooperation, also develops effective relations within the fra...
A delegation from the Office for Democratic Institutions and Human Rights of the Organization for Security and Cooperation in Europe (OSCE) visited the capital from 14 to 18 September 2025. The purpos...