TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar barada maglumat (maglumat 2021-nji ýylyň 1-nji awgusty ýagdaýyna görä taýýarlanyldy)

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary 1992-nji ýylda döredildi.

Toparyň resmi ady – «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar».

Toparyň gysga ady – «Merkezi saýlaw topary» ýa-da «Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary».

Merkezi saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.

Toparyň düzümi on bäş adamdan – başlykdan, başlygyň orunbasaryndan, kätipden we on iki agzadan ybaratdyr. Onuň 15 agzasynyň 5-si (33,3 göterimi)  zenanlardyr.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy, başlygynyň orunbasary, kätibi onuň edarasynda hemişelik esasda işleýär, on iki agzasy bolsa öz ygtyýarlyklaryny jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda amala aşyrýar.

Merkezi saýlaw toparynyň kararlary açyk ses bermek arkaly sesleriň köplügi esasynda kabul edilýär. Merkezi saýlaw toparynyň kararlarynyň Türkmenistanyň çäginde ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.

Toparyň işi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde garaşsyzlyk ýörelgesine eýedir we mejlisler görnüşinde amala aşyrylýar. Mejlisler onuň ygtyýarlygyna degişli meseleleri erkin, açyk ara alyp maslahatlaşmak esasynda geçirilýär.

Merkezi saýlaw toparynyň agzasynyň syýasy partiýalaryň hataryndaky agzalygy şol döwürde wagtlaýyn togtadylýar. Bu kada onuň edarasynyň işgärlerine hem degişlidir.

Merkezi saýlaw toparynyň işiniň guramaçylyk, hukuk, tehniki, maglumat üpjünçiligi onuň hemişelik hereket edýän edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Edara 2007-nji ýylyň 16-njy fewralynda döredildi we oňa Merkezi saýlaw toparynyň başlygy ýolbaşçylyk edýär.

Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlary we Aşgabat şäheri boýunça iş ýöredijileri bardyr. Olar saýlawlaryň guramaçylyk işlerine ýardam berýärler.

Merkezi saýlaw toparynyň edarasy üçin ýyllyk iş meýilnamasy taýýarlanylyp, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy tarapyndan tassyklanylýar we edara tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Şeýle-de, her saýlaw möwsüminde saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy taýýarlanylyp, Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde tassyklanylýar we saýlaw toparlary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, häkimlikler, degişli ministrlikler we edaralar tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Merkezi saýlaw toparynyň işi we ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine laýyklykda düzgünleşdirilýär, ol saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görülmegine we geçirilmegine, saýlaw toparlarynyň ulgamyna ýolbaşçylyk edýär.

Türkmenistanyň saýlaw toparlarynyň ulgamy:

1) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar;

2) welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary;

3) etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň saýlaw toparlary;

4) okrug saýlaw toparlary;

5) etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň saýlaw toparlary;

6) uçastok saýlaw toparlary.

Bu saýlaw toparlarynyň ygtyýarlylyk möhleti bäş ýyldyr we olaryň agzalary öz ygtyýarlyklaryny jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda amala aşyrýarlar.

Welaýat, etrap, şäher, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlary ýurdumyzyň degişli dolandyryş-çäk birlikleri boýunça döredilýär, okrug we uçastok saýlaw toparlary bolsa, şol dolandyryş-çäk birliklerindäki saýlawçylaryň sanyna laýyklykda döredilen saýlaw okruglary we uçastoklary boýunça döredilýär.

2021-nji ýylyň 1-nji awgusty ýagdaýyna görä:

– welaýat, welaýat hukukly şäher saýlaw toparlarynyň 6-sy (agzalarynyň jemi sany 66);

– etrap, etrap hukukly şäher saýlaw toparlarynyň 60-sy (agzalarynyň jemi sany 662);

– okrug  saýlaw toparlarynyň 125-si (agzalarynyň jemi sany 1375);

– etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň 605-si (agzalarynyň jemi sany 4241);

– uçastok saýlaw toparlarynyň 2607-si, şol sanda 39-sy daşary ýurtlarda (agzalarynyň jemi sany 17586) hereket edýär.

Umuman, alty derejeli saýlaw toparlarynyň ulgamynda 3403 sany topar hereket edýär we olaryň agzalarynyň jemi sany 23930-a deňdir.

Mundan başga-da, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda: arza-şikaýatlar bilen işlemek; gözegçilik-derňew; halkara guramalary bilen işlemek; köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen işlemek we milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparlary hem hereket edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Saýlaw kodeksi, saýlawlar boýunça gollanmalar, ýatlamalar, düzgünnamalar, habarlar, maglumatlar Merkezi saýlaw toparynyň «www.saylav.gov.tm» atly internet saýtynda ýerleşdirilýär.

Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işiniň maliýe üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Merkezi saýlaw topary ýuridik şahsdyr.

Merkezi saýlaw toparynyň ýerleşýän ýeriniň salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 44-nji jaýy.   
Tel: 44-67-33, faks: 44-67-28, 44-67-35.

                                            Ýurdumyz boýunça döredilen saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany barada
                                                                                                  MAGLUMAT

T/b

Welaýatyň,  welaýat hukukly şäheriň ady

Welaýat, welaýat hukukly şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany

Etrap, etrap hukukly şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany

Okrug saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany

Etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik  saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany

Uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany

JEMI

1

AHAL

11

88

165

742

2169

3175

2

BALKAN

11

143

110

357

1578

2199

3

DAŞOGUZ

11

121

297

994

3232

4655

4

LEBAP

11

123

308

1001

3657

5100

5

MARY

11

143

319

1147

4125

5745

6

AŞGABAT

11

44

176

 

2825

3056

Jemi

66

662

1375

4241

17586

23930