Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary hereket edýär. Munuň özi şol döwletler bilen diňe bir diplomatik gatnaşyklaryň sazlaşykly ýola goýlandygyny aňlatman, eýsem ýurdumyzda geçirilýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlara daşary ýurtlarda bolýan ýa-da ýaşaýan türkmen raýatlarynyň guramaçylykly gatnaşmaklaryny üpjün etmäge hem giň mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine biz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda hem doly göz ýetirdik.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda daşary ýurtlarda bolýan ýa-da ýaşaýan raýatlarymyzyň ses bermegini geçirmek üçin Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň onlarçasy döredildi. Bu saýlaw uçastoklarynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy boýunça Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarapyndan döredilendigini nygtamak ýerliklidir.
Merkezi saýlaw topary tarapyndan bu saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň tertibi hakyndaky düzgünnama işlenilip taýýarlandy we tassyklandy. Şol düzgünnamada bellenilen tertiplere laýyklykda, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilýän saýlaw uçastoklarynda ses bermegi guramagyň käbir özboluşly aýratynlyklary bardyr. Muňa mysal edip, aşakdakylary getirmek bolar.
Saýlaw uçastoklary baradaky maglumatlar bilen saýlawçylary habarly etmegiň meseleleri ýerli şertleri nazara almak bilen, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan çözülýär.
Saýlaw uçastoklarynda ses bermegi guramak we geçirmek üçin uçastok saýlaw toparlary döredilýär. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklary boýunça uçastok saýlaw toparlary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde bellenilen düzgünlere laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan döredilýär. Eger-de uçastok saýlaw topary üç adamdan ybarat düzümde döredilse, onda onuň agzalarynyň arasyndan diňe toparyň başlygy we kätibi saýlanylýar, üçünjisi bolsa agza bolýar. Bu uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller şol ýerdäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçysy tarapyndan hödürlenilip bilinýär. Uçastok saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça ýygnaklar şol degişli wekilhananyň binasynda geçirilýär.
Raýatlar topary tarapyndan uçastok saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlenilse, onda ýygnaga gatnaşyjylaryň sany şol ýurtda bolýan ýa-da ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň sanyna görä wekilhananyň ýolbaşçysy tarapyndan kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilýän uçastok saýlaw toparlarynyň düzümi Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanylýar we olara şahsyýetnama berilýär. Uçastok saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.
Uçastok saýlaw topary tarapyndan saýlawçylaryň sanawlary düzülýär. Daşary ýurtda bolýan Türkmenistanyň raýatlary degişli saýlaw uçastogynyň ýerleşýän jaýyna gelen mahaly, raýatyň pasporty (ýa-da pasportynyň ornuny tutýan resminamasy) esasynda saýlawçylaryň sanawyna girizilýär. Saýlawçylaryň sanawlaryna daşary ýurtlarda bolýan (ýaşaýan) we saýlaw hukukly, şeýle hem saýlawlar gününe çenli on sekiz ýaşy dolan Türkmenistanyň raýatlary girizilýär. Her bir saýlawçy saýlawçylaryň sanawlaryna diňe bir saýlaw uçastogynda girizilip bilner.
Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklaryny saýlaw býulletenleriniň zerur möçberleri bilen üpjün edýär.
Saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçy saýlaw uçastogynda öňünden ses bermäge hukuklydyr. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda saýlawlar gününden öň ses bermegiň wagty uçastok saýlaw topary tarapyndan kesgitlenilip bilner.
Uçastok saýlaw toparlary ses bermegiň geçirilýän güni, wagty we ýeri baradaky maglumatlary saýlawlar gününe çenli on günden gijä galman, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ýa-da beýleki usullar bilen saýlawçylara habar bermäge borçludyrlar. Saýlawlar güni ses bermek ýerli wagt bilen sagat 07:00-dan 19:00-a çenli geçirilýär. Uçastok saýlaw toparynyň başlygy saýlaw uçastogynyň açylandygy we saýlawlar gününden öň ses berenler hem-de saýlawçylaryň umumy sany barada Merkezi saýlaw toparyna habar berýär.
Ses berilýän jaýda saýlaw toparynyň ýolbaşçylary we agzalary, synçylar, dalaşgärleriň ynanylan adamlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bolmaga hukuklydyrlar.
Ses bermek tamamlanandan soňra, saýlaw uçastogy boýunça ses bermegiň netijeleri takyklanýar we uçastok saýlaw toparynyň teswirnamasy düzülýär. Teswirnamanyň asyl nusgasy Merkezi saýlaw toparyna iberilýär.
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň ähli saýlaw resminamalary, şol sanda saýlaw býulletenleri şol saýlaw uçastogynyň ýerleşýän ýerinde – diplomatik wekilhananyň özünde saklanylýar.
Kanuna laýyklykda saklanylmaly möhletleri geçenden soňra, ylmy-taryhy taýdan gymmatlygy bolmadyk we iş ýüzünde ähmiýetini ýitiren resminamalaryň bellenilen düzgünlere laýyklykda ýakylyp, ýok edilendigi hakyndaky resminamalar Merkezi saýlaw toparynyň arhiwine iberilmäge degişlidir.
Möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka saýylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary mahalynda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilýän saýlaw uçastoklary bilen işleşmekde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň hünärmenleri baý iş tejribe topladylar. Munuň özi hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda geçirilýän saýlawlara ýurt daşynda bolýan we ýaşaýan raýatlarymyzyň guramaçylykly gatnaşmaklarynyň üpjün edilmegine giň mümkinçilik berýär.
Allaberdi USSAÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.