TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAW OKRUGLARY WE UÇASTOKLARY

Gülläp ösüşleri başdan geçirýän Türkmenistan döwletimiziň meşhurlygy gün-günden artýar. Durmuşyň ähli ulgamlarynda çuň özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler bolsa raýatlarymyzyň ruhy hal ýagdaýynyň has-da kämilleşmegine we jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň arasynda ajaýyp sazlaşygyň emele gelmegine öz täsirini ýetirýär. Ykdysadyýetde, ylymda we bilimde, medeni-gumanitar ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bilen birlikde, döwletimiziň kanunçylyk binýatlarynyň kämilleşdirilmegine hem uly ähmiýet berilýär. Mysal üçin, ýurdumyzda geçirilýän ähli saýlawlaryň guramaçylykly amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýän kanunçylyk esaslary döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi geçirilýän saýlawlaryň halkara talaplarynyň derejesine laýyk gelmegini üpjün edýär.

Möhüm jemgyýetçilik–syýasy çäre bolan saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi üçin ýurdumyzyň çäklerinde saýlaw okruglary we uçastoklary döredilýär. Olary döretmek nähili amala aşyrylýar?

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda tutuş Türkmenistanyň çägi boýunça bir saýlaw okrugy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda, Türkmenistanda saýlawçylaryň sanyna laýyklykda, ýagny saýlanyljak deputatlaryň sanyna deň bolan 125 saýlaw okrugy, welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa, degişli çäkde 40 saýlaw okrugy, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda hem degişli çäkde 20 saýlaw okrugy döredilýär.

 Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 5-15 saýlaw okrugy döredilýär. Şunda 1000-e çenli saýlawçy bolan çäkde 5-6, 1001-den 2000-e çenli saýlawçy bolan çäkde 7-8, 2001-den 4000-e çenli saýlawçy bolan çäkde 9-11, 4000-den köp saýlawçy bolan çäkde bolsa 12-15 saýlaw okrugy döredilýär. Saýlaw okruglarynyň sany bellenilen möçberleriň çäginde degişli Geňeş tarapyndan kesgitlenilýär.

Her bir saýlaw okrugynyň saýlawçylarynyň sany degişli saýlawlar boýunça okruglara düşýän saýlawçylaryň ortaça sanynyň on göteriminden, uzak we barmasy kyn ýerlerde bolsa on bäş göteriminden geçmeli däldir.

Saýlaw okruglary degişli saýlaw toparlary tarapyndan saýlawlara çenli azyndan ýetmiş gün galanda döredilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda saýlaw okruglarynyň atlary hem bellenilýär. Saýlaw okruglarynyň araçäkleri görkezilen sanaw ilatyň dykgatyna ýetirilýär.

Saýlawlarda, sala salşykda ses bermegi geçirmek üçin şäheriň, şäherçäniň, obanyň çägi saýlaw uçastoklaryna bölünýär.

Saýlaw uçastoklary degişli etrap, şäher saýlaw topary tarapyndan yzygiderli tertip boýunça belgilenip döredilýär. Saýlaw uçastoklary saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşmagyna amatly bolar ýaly tertipde döredilýär.

Harby bölümlerde, uzak we barmasy kyn ýerlerde, şypahanalarda we dynç alyş öýlerinde, ýatymlaýyn kesel bejeriş edaralarynda ýa-da administratiw mejbur ediş, ýa-da jenaýat iş ýörediş ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde bu edaralaryň ýolbaşçylarynyň teklipnamasy boýunça saýlaw uçastoklary döredilip bilner.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy boýunça Merkezi saýlaw topary tarapyndan Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda hem saýlaw uçastoklary döredilip bilner. Olar Merkezi saýlaw toparynyň kesgitlän etrabynyň ýa-da şäheriniň saýlaw uçastoklarynyň düzümine girizilýär.

Aslynda saýlaw uçastoklary nähili tertipde döredilýär?

Saýlaw uçastoklary saýlawlara, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli azyndan kyrk bäş gün galanda döredilýär. Harby bölümlerde, uzak we barmasy kyn ýerlerde, şypahanalarda we dynç alyş öýlerinde, ýatymlaýyn kesel bejeriş edaralarynda, administratiw mejbur ediş ýa-da jenaýat iş ýörediş ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylýan adamlaryň saklanylýan ýerlerinde, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklary saýlawlara, sala salşygyň geçiriljek gününe çenli azyndan bäş gün galanda hem döredilip bilner.

Saýlaw uçastoklary ýigrimiden iki müňe çenli saýlawçy sany bilen döredilýär, käbir halatlarda saýlawçy sany ýigrimiden az bolan saýlaw uçastoklary hem döredilip bilner.

Etrap, şäher, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw topary uçastok saýlaw toparynyň we ses bermegiň geçiriljek jaýynyň ýerleşýän ýerini görkezmek bilen her bir saýlaw uçastogynyň araçägi hakyndaky habary ilatyň dykgatyna ýetirýär.

Saýlawlaryň öň ýanynda durmuşa geçirilýän guramaçylyk çäreleriniň ählisi jemgyýetçilik-syýasy çäresiniň ýokary derejede amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Bu ulgamyň işiniň kämilleşdirilmegine türkmeniň milli lideriniň hut özüniň ýakyndan ýardam bermegi bolsa, islendik görnüşli saýlawlaryň örän guramaçylykly geçirilmegini üpjün edýär.

 

Bezirgen GARAÝEW,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.