TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLARYŇ MALIÝELEŞDIRILIŞI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň  taýsyz tagallalary netijesinde bu gün ýurdumyzda  merdana pederlerimizden gelýän demokratik ýörelgeler gaýtadan dikeldilýär. Munuň özi jemgyýetimiziň kanuny esaslaryny, binýatlaryny üçünji müňýyllygyň talaplaryna laýyk derejede berkitmäge, jemgyýetçilik durmuşynyň  has-da  çuň demokratiýalaşdyrylmagyna giň mümkinçilik berýär. Biziň ýurdumyz halkara hukugynyň kadalarynda bellenilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýän hem-de olara hormat goýýan döwlet hökmünde Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýedir.

“Dile geldi-bile geldi” diýilişi ýaly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde döwletimiziň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň ulgamynyň öz beýanyny tapmagy belläp geçmäge mynasypdyr.Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 13-nji maddasynda saýlawlar boýunça ykdysady kepillikler we maliýe mümkinçilikleriniň berlişi barada söz açylyp, şeýle diýilýär:   “Döwlet saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak arkaly raýatlaryň saýlawlara we sala salşyga gatnaşmagy üçin deň ykdysady we maliýe mümkinçilikleriň berilmegini kepillendirýär. Saýlaw işlerine we sala salşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslarda we tertipde olaryň öz hukuklaryny we ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy bilen baglanyşykly ýeňillikler we çykdajylaryň öwezini dolmak kepillendirilýär.”  Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 88-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Saýlawlary maliýeleşdirmegiň tertibi bolsa, Merkezi saýlaw topary tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen ylalaşylýar. Şunda raýatlaryň saýlaw hukugynyň ykdysady kepilliklerini üpjün etmek maksady bilen, esasan hem neşir önümlerini, has takygy saýlaw býulletenlerini, gollanmalary, ýatlamalary, düzgünnamalary, saýlawlara çakylyklary, şahsyýetnamalary, plakatlary, ündew suratlaryny we beýleki resminamalary çap etmek, şeýle-de dürli enjamlary, saýlawlary we saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklaryny üpjün etmek üçin zerur bolan beýleki maddy gymmatlyklary edinmek, getirmek, ýerleşdirmek; ulag çykdajylaryny tölemek; saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklaryny,  işini üpjün etmek bilen baglanyşykly gaýry çykdajylar; hyzmatlar hem-de göz öňünde tutulmadyk çykdajylar üçin serişdeler bellenilýär.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda döwlet býujetinden bölünip berilýän maliýe serişdeleriniň harçlanylyşy saýlawlara taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça zerur bolan neşir önümleri, maddy-enjamlaýyn serişdeler we hyzmatlar üçin Merkezi saýlaw topary tarapyndan çykdajylaryň tassyklanylan sanawyna laýyklykda, merkezleşdirilen görnüşinde amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 88-nji maddasynyň 2-nji böleginde  edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň hem-de fiziki we ýuridik şahslaryň  saýlawlary hiçhili görnüşde maliýeleşdirmegine ýol berilmeýändigi barada şeýle beýan edilýär: “Saýlawlaryň, sala salşyklaryň döwlet häkimiýet we ýerli öz­özüňi dolandyryş edaralary, fiziki we ýuridik şahslary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri, daşary ýurt döwlet edaralary, guramalary  we  kärhanalary,  beýleki daşary ýurt ýuridik şahslary, olaryň şahamçalary we wekillikleri, daşary ýurt raýatlary, halkara guramalary, gatnaşyjylary daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslary bolup durýan Türkmenistanda hasaba alnan ýuridik şahslar tarapyndan hiç hili görnüşde maliýeleşdirilmegine ýol berilmeýär.” Bu bolsa ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň diňe Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýändigini aňladýar.

Ýurdumyzyň çäginde saýlawlar hakyndaky kanunçylygyň birmeňzeş ýerine ýetirilmegine gözegçiligi Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary amala aşyrýar. Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen Gözegçilik-derňew topary bolsa saýlawlara taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek üçin, Türkmenistanyň Döwlet býujetinde saýlaw toparlaryna bölünip berlen serişdeleriň maksatlaýyn harçlanyşyna seljerme işlerini geçirýär. Seljerme işleri maliýe çykdajylarynyň nähili maksatlar üçin ulanylandygyny aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Dünýäde ykrar edilen ýörelgeler, şeýle hem  köppartiýalylyk şertlerinde,  giň bäsleşik esasynda, aýanlykda geçirilýän saýlawlar  bu gün  hemişelik  Bitarap  Türkmenistanda demokratiýanyň barha  gülläp ösýändigini yklymlara äşgär edýär.

 

Jennet SAPAROWA,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky  Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.